Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň kanun çykaryjylary protestlerde 3700 adamyň tussag edilendigini aýdýar


Eýranyň baş ruhanysy Aýatolla Ali Hamenei çykyş edýär, Eýran

Eýranyň kanun çykaryjylary protestleriň dowamynda 3700 adamyň tussag edilendigini aýdýarka, Eýranyň baş ruhanysy Aýatolla Ali Hamenei ABŞ-nyň we Britaniýanyň Tährany ýoldan çykarjak bolýandygyny aýdýarlar.

Reformaçy kanun çykaryjy Mahmoud Sadeghiniň ýurtda protestleriň dowamynda tussag edilenleriň sany boýunça öňe süren maglumaty häkimiýetleriň görkezen sanyndan has ýokary.

Eýranyň onlarça şäherinde 28-nji dekabrdan bäri geçirilýän protestlere gatnaşan raýatlar ýurtdaky işsizlikden we resmileriň arasyndaky korrupsiýadan nägilelik bildirýärler.

Käbir demonstrantlar Hameneýini we täsirli ruhanylary agdarmaga çagyrdylar.

Hameneýi daşary ýurtlaryň, şol sanda ABŞ-nyň protestleriň arkasynda durandygyny aýdyp, ozalky aýyplamalaryny gaýtalady. Bu aýyplamalar günbatar ýurtlary tarapyndan ret edildi.

XS
SM
MD
LG