Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa eýranly ruhana garşy aýyplamalary ýöňkemegi ýa-da ýöňkemezligi derňeýär


Eýranyň ýokary derejeli ruhanysy Aýatollah Mahmud Haşemi Şahroud
Eýranyň ýokary derejeli ruhanysy Aýatollah Mahmud Haşemi Şahroud

Germaniýanyň federal prokuratura edarasy gelejekde Eýranyň ýokary ruhany lideri bolmagy mümkin diýlip atlandyrylýan we häzirki wagt Germaniýada saglygyna seretdirýän ýokary derejeli eýranly ruhana garşy aýyplamalary ýöňkemegi ýa-da ýöňkemezligi derňeýär.

9-njy ýanwarda Germaniýanyň prokuratura edarasynyň metbugat wekili öňki nemes kanunçykaryjysy tarapyndan Aýatollah Mahmud Haşemi Şahrouda garşy şikaýat arzasynyň gelip gowuşandygyny tassyklady. Bu şikaýatda Şahroudi Eýranyň Adalat ministrliginiň ýolbaşçysy wezipesinde işleýän döwründe ýüzlerçe ölüm kararlaryna syn etmek arkaly, “adamzada garşy jenaýatlary” amala aşyrmakda aýyplanýar.

Prokuratura edarasy Germaniýanyň “Green Party”, ýagny “Ýaşyl partiýasynyň” öňki kanunçykaryjysy Wolker Bekiň (Volker Beck) şikaýaty dogrusynda herekete geçmegi ýa-da geçmezligi kesgitlemek üçin näçe wagt möhletiniň gerekdigi barada hiç zat aýtmady.

Eýranyň ýokary ruhany lideri Ali Hameneýiniň mirasdüşeri bolmagy mümkin diýilýän Şahroudi Germaniýanyň demirgazygyndaky Gannower şäherindäki newrologik bejergi merkezinde salygyna seretdirýän döwri protestçileriň we tankytçylaryň ünsüni özüne çekdi.

8-nji ýanwarda Germaniýanyň “Bild” atly gazeti “Eýranda ölüm kazysy, Germaniýada eljiredilýän näsag” diýen sözbaşy bilen makala çap etdi.

XS
SM
MD
LG