Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtdaky ir ertiriň howsalasy; Prezident dikuçarda aýlanýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

9-nji ýanwarda ir ertir Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda nobatdaky gezek Aşgabadyň üstünden aýlanyp, şäher häkimi bilen iş maslahatyny geçirdi we şäher häkimi Durdylyýewe birnäçe görkezmeler berdi diýip, türkmen telewideniýesiniň Watan habarlar programmasynda reportaž görkezildi.

Döwlet baştutanynyň dikuçarda etjek bu saparyndan habarsyz ilat polisiýa işgärleri köpçüligini ir ertirden ukudan oýardy. Aşgabatly bir ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri hem-de uçastok polisiýasy awtoulaglarynyň çasly sesi bilen Parahat-7, Parahat-8 etrapçalaryna aýlanyp, ilata awtoulaglarynyň jaýlaryň golaýyndan aýrylmagy talap edip başlapdyrlar.

Täze ýyl baýramçylygyndan soňra awtoulaglary jaýlaryň golaýyndan aýyrmak baradaky talaplaryň birneme gowşanlygyndan arkaýynlanan ulag eýeleri ýaňadan biynjalyk boldular. Nämäniň-nämedigine düşünmedik sürüjiler öz awtoulaglaryny aýyrmaga howlukdylar.

Edil bir adatdan daşary waka gopýan ýaly, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri awtoulaglarynyň çasly sesi bilen etrapçalaryň içinde, jaýlaryň arasynda eýläk-beýläk aýlanmasyny dowam edýärdiler.

Polisiýa işgärleri ýaşaýjylar awtoulaglaryny yzyna alyp gelmezleri ýaly, her bir ýaşaýyş jaýyň öňünde günortana çenli nobatçylyk çekdiler. Bu aladanyň sebäpleri barada soranlarynda, polisiýa işgärleri belli bir jogap berip bilmän, ‘bizden talap şeýle’ diýip, eginlerini ýygyrýardylar.

Aşgabadyň üstünde dikuçar aýlanyp başlandan soňra ýaşaýjylar ir ertirki başlanan howsalanyň sebäplerine düşünendiklerini aýtdylar.

Onsuzam soňky günlerde gara we garamtyl reňkli awtoulaglaryň jerime awtoduralgasyna ýygnalmagy bilen Aşgabadyň köçeleri hem kiçi etrapçalaryň jaýlarynyň aralary maşyndan boşady diýen ýaly.

Ýaşaýjylar şu girizilýän gadagançylyklardan halys bez bolandyklaryny aýdýarlar. Döwlet baştutany bir ýere barmakçy bolsa-da, ýollar birnäçe sagatlap ýapylýar. Ilat köpçüligi günde-günaşa şu meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup kösenýär.

“Döwlet baştutany dikuçarda ýokardan uçanda, ilatdan oňa näme zeper ýetýändigine biz-ä haýran. Bar bidüzgünçilik döwlet baştutanynyň daşyndaky ýaranjaň emeldarlardan döreýär” diýip, ýaşaýjylar öz nägileliklerini paýlaşýarlar.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG