Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa sirki – iki sagada golaý erkinlik


Moskwanyň döwlet sirki Aşgabatda
Moskwanyň döwlet sirki Aşgabatda

2017-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Aşgabada myhmançylyga gelen Moskwanyň döwlet sirkiniň tomaşaçylarynyň şu güne çenli hem azalmaýandygy aýdylýar.

Moskwa sirkine eýýäm ikinji gezek tomaşa eden aşgabatlylar bar. “Bahasy ýönekeý halk üçin elýeterli bolsady, onda ýene-de baryp sirkiň oýunlaryna tomaşa ederdim” diýip, aşgabatly tomaşaçy aýdýar. “Petekler bir adam üçin 30-40-50 manat, bu örän ýokary bolsa-da millet ony görmäge çalyşýar. Petekler gymmat bolsa-da, oňa beren puluň halal. Sirkiň programmasy şeýle bir gyzykly, darbazlaryň ýüpüň üstünde süňksiz ýaly çalasyn hereketleri bilen al-asmanda gaýyp, dürli maşklary ussatlyk bilen ýerine ýetirişleri diýjekmi, sirkiň masgarabazlarynyň gülküli oýunlary diýjekmi, dürli haýwanlara erk edip, olaryň dürli oýunlary bilen tomaşaçylary haýran galdyrýandyklary diýjekmi, garaz, olaryň ukybyny öwüp aňyrsyna çykar ýaly däl” diýip, Mähriban ene öz hoşallygyny paýlaşýar.

Türkmen telewideniýesiniň programmalarynyň 7 sanysynda hem 24 sagadyň dowamynda şol bir zady – döwlet baştutanyny mahabatlandyrýarlar. Türkmen telewideniýesiniň programmalaryndan iren adamlar Moskwanyň döwlet sirkine edil suwsan ýaly tomaşa etmäge ýykgyn edýärler. Olaryň hakyky ussatlygy tomaşaçyny özüne çekýär. Olaryň çykyşynda hiç bir ýasamalyk, öwgi ýa ýaranjaňlyk görünmeýär.

Moskwa sirki: Ýaşaýjylaryň gyzyklanmasy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:52 0:00


“Erkin tälim alan sungat ussatlaryň çykyşlary bir başga. Sirkde oturyp, oýunlara tomaşa eden iki sagada golaý wagtymyzy bizem özümizi bir pursat erkinlikde duýduk. Olarda biziň sungat işgärlermiziňki ýaly ýasama hereketler ýok, hakyky talantlar ilata hezil berýärler” diýip, ýene bir tomaşaçy aýdýar.

“Bir aýa golaý wagt bäri Aşgabatda myhmançylykda bolan sirke petek satyn almak tomaşaçylara ýeňil düşmeýär. Moskwa sirkine tomaşa etmek isleýänleriň sany juda agdyk bolandan, 3-4 gün öňünden petek almasaň, islän wagtyň baryp almaga mümkinçilik ýok. Bu sirke tomaşa etmäge hatda welaýatlardan hem gelýänler kän” diýip, Mähriban ene aýdýar.

14-nji Ýanwarda öz işini jemleýän sirkiň şol günki gündiz sagat 12-de hem gündiz sagat 15-00-da görkeziljek programmasyna şu gün 11-nji Ýanwarda petek satyn alyp bolýandygy, galan aralykdaky günlere petekleriň eýýäm satylandygyny kassirler aýdýarlar.

“Ynha, ýylda bir gezek öz programmalary bilen halka hezil berýän sirk öz işini tamamlap ýola düşer. Ondan soňra indiki ýylyň şu wagtlaryna çenli sirkiň gapysy ýa açylar ýa açylmaz. Açylaýanda hem ol ýerde tomaşaçylara hezil berjek programmalar bolmaz. Oňa geljeklerem mejbury tomaşaçylar bolar. Haçan bizde hem beýleki döwletleriňki ýaly ilata hezil berjek programmalary taýýarlamaga erkinlik berilerkä?” diýip, ýaşaýjylar biri-birine soragly garaýarlar.

XS
SM
MD
LG