Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda galp sürüjilik şahadatnamalary ‘awlanýar’


Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy

Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy galp we para berlip alnan sürüjilik şahadatnamalaryny ýüze çykarmak ugrundaky kampaniýa başlandygy barada maglumatlar gowuşdy.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň Içeri işler ministrligindäki bir çeşmesiniň beren maglumatyna görä, geçen ýyl sürüjilik şahadatnamalarynyň 500-e golaý boş blankasynyň ogurlanmagy we ýaş, şol sanda aýal sürüjileriň gatnaşmagyndaky ýol hadysalarynyň köpelmegi netjesinde, ýerli häkimiýetler sürüjilik şahadatnamalarynyň gelip çykyşyny uçdan tutma barlap başlapdyrlar.

Sözümiziň şu ýerinde bellesek, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri we söhbetdeşleri soňky ýyllarda Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamalary bilen baglylykda, giň korrupsiýanyň emele gelendigini we bu ugurda ýörite nyrh “meýilnamasynyň” hem dörändigini aýdýarlar.

Mysal üçin, ýörite sürüjilik okuwyny okamazdan we hiç hili synaglary tabşyrmazdan şahadatnamany almak üçin 10 müň dollar möçberinde para bermeli bolsa, gerekli sürüjilik mekdebine gatnalan halatynda bu nyrh, ýagdaýa görä, 2-5 müň dollar aralygynda üýtgeýär.

Mundanam başga, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan polisiýa resmisi geçen ýyl sürüjilik şahadatnamalarynyň ýüzlerçe boş blanklarynyň ogurlanyp, galp möhürleriň urlup, näresmi şahadatnamalarynyň ýasalandygyny hem gürrüň berdi.

Bu ýagdaýlaryň netijesinde, polisiýa işgärleri, ilki bilen, boş blankalaryň ýiten döwründe berlen şahadatnamalary ýüze çykarmak maksady bilen, ýolda ulaglary saklap, sürüjileriň şahadatnamalaryny barlap başladylar.

Munuň yzy bilen, sürüjilere polisiýa edaralarynda ýa-da telefon arkaly haýsy sürüjiliik mekdebinde okandygy, mugallymyň kim bolandygy, synagda haýsy soraglaryň çykandygy ýaly soraglar soralyp başlandy.

Eger-de şahadatnamalaryň galp ýollar arkaly alnandygy tassyklansa, onda dokumentler alnyp, eýeleri hem täzeden synaga ýollanylýar.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň Içeri işler ministrligindäki çeşmesiniň gürrüň beren ýagdaýlary dogrusynda resmi taýdan hiç hili kommentariýa almak başartmady. Bu barada ýurduň metbugatynda hem maglumat berilmeýär.

Galyberse-de, bu maglumatlar Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinjiň yglan edilen hem-de, aýdyňlaşdyrylmadyk kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmäge soňky duýduryşyň berlen döwrüne gabat geldi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG