Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan amerikan syýahatçylary üçin iň az töwekgelçilikli ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirildi


Aşgabatda daşary ýurtly syýahatçylar
Aşgabatda daşary ýurtly syýahatçylar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti amerikan syýahatçylaryna sapar etmegi maslahat berýän we bermeýän ýurtlarynyň sanawyny täzeläp, onuň soňky görnüşini çap etdi. Bu sanawda Türkmenistan amerikan syýahatçylary üçin iň az töwekgelçilikli ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirildi.

10-njy ýanwarda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi websaýtynda çap edilen maglumata görä, bu sanawda amerikan syýahatçylarynyň sapar etmegi üçin dünýäniň ähli ýurtlary howpsuzlyk derejesi boýunça dört kategoriýa bölünýär.

Birinji kategoriýada ýerleşdirilen ýurtlar amerikan syýahatçylary üçin iň az töwekgelçilikli hasaplanylyp, onuň düzümine Ermenistan, Awstriýa, Boliwiýa, Bolgariýa, Gresiýa, Hindistan, Gazagystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we başga-da ençeme döwlet girýär.

Birleşen Ştatlaryň raýatlaryna sanawyň dördünji kategoriýasynda ýerleşdirilen ýurtlara sapar etmek düýbünden maslahat berilmeýär. Bu kategoriýa Owganystan, Eýran, Yrak, Ýemen, Liwiýa, Siriýa, Demirgazyk Koreýa, Somali ýaly ýurtlar girýär.

XS
SM
MD
LG