Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň prokurory žurnaliste 8 ýyl kesilmegini isleýär


Žurnalist Afkan Muhtarly
Žurnalist Afkan Muhtarly

Azerbaýjanda geçirilen ýokary derejeli sud diňlenişiginde prokuror ýurduň sudundan žurnalist Afkan Muhtarlyny sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm etmegi sorady.

12-nji ýanwarda Muhtarlynyň sud diňlenişigi tamamlananda, döwlet prokurory Azerbaýjanyň demirgazygyndaky Balakan etrap suduny žurnalisti bikanun serhetden geçmekde, nagt puluň kontrabandasynda we resmilere hüjüm etmekde günäli tapmaga çagyrdy.

Žurnalist prezident Ylham Aliýewiň töweregindäki korrupsiýa şübheleri barada ýazan makalalary bilen ilteşikli öz howpsuzlygyndan alada edip, 2015-nji ýylda aýaly Leýla Mustafaýewa bilen Gürjüstana gaçyp gidipdi.

Žurnalist 2017-nji ýylyň maýynda Tbiliside ýitirim bolandan bir gün soň, Azerbaýjanyň häkimiýetleri onuň kontrabandada we serhedi bikanun geçmekde aýyplanyp, Bakuwda tussaglykda saklanýandygyny aýtdylar.

Muhtarlynyň aklawçylary Elçin Sadikowa we Nemat Karimli suda beren maglumatlarynda öz müşderisiniň Gürjüstanda “alnyp gaçylandygyny” we Azerbaýjana bikanun getirilendigini aýtdylar.

Olar Muhtarla garşy gozgalan sud işiniň syýasy maksatlydygyny aýdyp, suddan oňa ýöňkelýän aýyplamalaryň ýatyrylmagyny soradylar.

Azerbaýjanyň sudy Muhtarlynyň sud diňlenişigine arakesme berip, onuň günüň ikinji ýarymynda dowam etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG