Sepleriň elýeterliligi

Trampyň Eýranyň sanksiýa ýeňilliklerini saklap galýandygy aýdylýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Media serişdeleriniň maglumatynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň 2015-nji ýylda Tähran we dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda gol goýlan ýadro ylalaşygynyň çäginde Eýrana bagyş edilen sanksiýa ýeňilliklerini dowam etdirmek hakda karara gelip, ylalaşygy häzirlikçe üýtgewsiz galdyrandygy habar berilýär.

11-nji ýanwarda “Reuters”, “The New York Times” we “Bloomberg” neşirleri Trampyň kararyny bilýän adamlara salgylanyp, Ak tamyň bu barada 12-nji ýanwarda yglan etjekdigini mälim etdiler.

Ýadro ylalaşygynyň çäklerinde Eýran özüne garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagy şerti bilen alyp barýan ýadro işlerini togtatmagy wada berdi.

Media maglumatlarynda aýdylmagyna görä, Tramp ýadro ylalaşygynyň talaplaryna laýyklykda, Eýranyň öz ýadro hereketlerini togtatmagyna jogap hökmünde ABŞ-nyň öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý edip, Eýranyň merkezi bankyna we nebit pudagyna girizilen sanksiýa ýeňilliklerini saklap galmak boýunça karara gelipdir, ýöne şonuň bilen bir hatarda ol Eýrana garşy täze, belli bir maksada gönükdirilen sanksiýalary girizmek barada karara gelipdir.

XS
SM
MD
LG