Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň daşary ykdysady banky VISA kartlarynyň işlemegi üçin ýörite resminamany talap edýär


Türkmenistanyň daşary ykdysady bankynyň çykaran VISA karty

Türkmenistanyň banklarynyň müşderileri öz VISA kartlaryndan daşary ýurtlarda peýdalanyp ýa-da daşary ýurt walýutasynda nagt pul çekip bilmän, nagt bolmadyk tölegleri-de töläp bilmän kösenýärkä, ýurduň Daşary ykdysady banky kartlaryň işläp başlamagy üçin, ýörite resminamany talap edýär.

Bu täze düzgün bilen baglylykda, Azatlyk Radiosyna 11-nji ýanwarda türkmenistanly diňleýjilerden gowşan maglumatda şeýle diýilýär: “Şu gün Daşary ykdysady banka barsak, täze düzgün çykdy diýdiler. Indi her VISA kartyň eýesi Migrasiýa gullugyndan ýörite hat almaly, şol hat bilenem Daşary ykdysady banka barmaly, şol sprawkany berseň bank kartany açyp berýärmiş. Ýöne kartyň eýesi daşary ýurtdaka, nädip Migrasiýa gullugyndan hat alyp, ony banka eltsin? Muňa hiç jogap bermediler” diýip, Azatlyk Radiosyna gowşan hatda özüni Maýsa diýip tanyşdyran diňleýjimiz habar berdi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankyndan resmi derejede kommentariýa alyp bilmedi. Emma adynyň agzalmazlyk şerti bilen söhbetdeş bolan bankyň bir jogapkär işgäri Migrasiýa gullugyndan resminamanyň talap edilýändigini tassyklady.

Onuň sözüne görä, şeýle resminama arkaly raýat ýurduň daşyna çykmagyna gadagançylygyň ýokdugyna kepil geçmeli. Emma bir ýyla golaý wagt bäri bar bolan bu düzgün öň ýurduň daşyna çykýan adamyň öz VISA kartyny aeroportda hasaba goýdurmagy bilen çäklenilýärdi, häzirki wagtda plastik kartalardan daşary ýurtlarda peýdalanmak isleýän kart eýeleri Migrasiýa gullugyndan resminama alyp, Daşary ykdysady bankyna tabşyrmaly, bolmasa plastik karty ýurduň daşynda işlemeýär.

Türkmenistanyň banklarynyň çykaran VISA plastik kartlarynyň ​Orsýetde, Türkiýede we Ýewropa ýurtlarynda ýaşaýan we syýahat edýän eýeleri puly nagtlaşdyrmak we töleg etmek mümkinçilikleriň doly kesilendigi barada, Azatlyk Radiosyna dekabryň başyndan habar berip başladylar.

Özüni Maýsa diýip tanadan türkmenistanly ýakyn günlerde Ýewropanyň Wena we Frankfurt şäherlerine syýahat eden wagtynda, VISA kartlaryndan asla pul çekip bilmändigini, şeýle-de kartlar bilen nagt bolmadyk tölegleriň hem geçmändigini aýdýar.

“VISA karty bilen nagt puly düýpden alyp bolanok. Bir hepde synanyşdyk, bolmady. 30 ýewro, 20 ýewro, 10 ýewro – hiç zat berenok. Söwda-da edip bolmady magazinlerde, geçmedi. Masgara bolduk baran ýerlerimizde” diýip, Maýsa gürrüň berdi.

Täze ýylyň başyndan bäri dünýäniň dürli ýurtlaryndaky türkmenistanlylaryň türkmen banklarynyň girizen resmi çäklendirmeleriniň çäginde-de puly nagtlaşdyryp bilmeýändigini “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň çeşmeleri hem tassyklaýarlar.

“Karara degişli ýüze çykan ýagdaý aýylganç. 1-nji ýanwardan pul çekip bilmeýäris. Nagt bolmadyk hasaplaşyk hem işlemeýär. Käbirlere bankomat 10 amerikan dollaryny berýär, käbirlere hiç zat” diýlip, neşir öz maglumatynda Türkmenistanyň ýaşaýjysyny sitirleýär.

Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankynyň dekabryň başynda çykaran soňky resmi kararyna görä, türkmen banklaryna degişli VISA kartlaryndan günde daşary ýurt walýutasynda nagtlaşdyrmak üçin göz öňünde tutulan puluň möçberi 50 amerikan dollaryna, nagt bolmadyk tölegleriň möçberi 100 amerikan dollaryna barabar bolmaly. Daşary ykdysady bankyň işgärleri dekabrda kesgitlenen bu möçberiň üýtgewsiz galýandygyny 12-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň çeşmesine tassykladylar.

Şol bir wagtda-da, Azatlyk Radiosynyň Daşary ykdysady bankdaky çeşmesiniň maglumatyna görä, ýurduň daşynda okaýan studentleriň okuw tölegi üçin pul geçirmekde täze mümkinçilikleriň girizilmegi göz öňünde tutulýar.

“Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşynda okaýan studentlere bir aýda 500 dollara çenli pul geçirmäge rugsat berilýär, emma bu pul okuw tölegine ýetmeýän bolsa, goşmaça pul ibermek üçin ýokary okuw jaýyndan hat getirmeli, originalyny. Şondan soň, studentiň däl-de, şol okuw jaýyň hasabyna goşmaça pul geçirilmegine rugsat berilmegi mümkin” diýip, adynyň agzalmagyny islemedik bank resmisi aýtdy, emma bu düzgüniň giriziljek wagtyny takyklaşdyrmady.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň daşary ykdysady banky öz müşderilerine döwrüň öňdebaryjy mümkinçiliklerini hödürleýändigini resmi websaýtynda habar berýär. VISA kartlarynyň “pul serişdeleriniň howpsuzlygyna, islendik bankomatda, şol sanda ýurduň daşynda puly nagtlaşdyrmaga, tutuş dünýäniň millionlarça söwda nokadynda tölemäge” kepil geçýändigini nygtaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG