Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: 2017-nji ýyla gysgaça syn


Aşgabat. Täze ýyl arçasy

2017-nji ýyl uzaga çeken gepleşiklerden we Tähran bilen gaz, baha dawalary üstündäki oňuşmazlykdan soň Türkmenistanyň Eýrana iberýän gazyny kesmegi bilen başlandy.

Eýran bilen aradaky "dawa"

Aşgabat Eýrandan öň, 2016-njy ýylyň ýanwarynda esasy gaz alyjylarynyň biri bolan Orsýeti ýitiripdi we “Gazprom” bilen arada bir topar çözülmeli meseläniň bardygy, dawanyň halklara arbitraž suduna çykarylmak ähtimallygy barada habarlar çykypdy.

Ýöne Türkmenistanyň gaz ýolbaşçylary, Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygynyň metbugata türkmen tarapyny günäkärläp berýän maglumatlaryna, sudlaşmak baradaky haýbatlaryna açyk jogap bermediler we diňe Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Tähranyň 2013-nji ýylda alan gazy üçin bergilerini bemändigini aýtdy. Metbugat maglumatlaryna görä, Türkmenistan 2 milliard dollara golaý algysyny alyp bilmeýär we Eýranyň Milli gaz kompaniýasy akdyrýan tebigy gazyny keseni üçin Aşgabadyň Tährana jerime tölemeli boljakdygyny aýdýar.

Wakalaryň ösüşinden çen tutulsa, Eýran bilen Türkmenistanyň gaz nyrhlary we bergi dawasyny gepleşikler arkaly çözmek synanyşyklary tutuş bir ýyllap netije bermedi we türkmen hökümeti dekabr aýynyň başynda ýanwarda çigşen düwüni 2018-nji ýylda, Halkara arbitraž sudunda çözmegi planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Prezident saýlawlary

2017-nji ýylyň gaz dawasyndan soň gelýän iň möhüm wakasy Türkmenistanda geçirilen prezident saýlawlary boldy. Türkmenistan bu saýlawdan öň Konstitusiýa düzediş girizdi we prezidentlik möhletini 7 ýyla çenli uzaltdy, prezidentlige kandidatyň aňry ýaş çägini aýyrdy. Synçylar bu çäreleriň Türkmenistanda ömürlik prezidentlige ýol açýandygyny aýtdylar.

Türkmen häkimiýetleri 12-nji fewraldaky saýlawlaryň bäsleşikli, alternatiw kandidatlaryň gatnaşmagynda we azat hem adalatly geçirilendigini, iş başyndaky prezident G. Berdimuhamedowyň sesleriň tas 98 prosentini alandygyny habar berdiler.

Emma Azatlyk radiosynyň ýurt içindäki habarçylary paýtagtdaky saýlaw uçastoklarynyň birnäçesinde bolup, ses bermäge gelenleriň beýle köplük bolmandygyny habar berdiler.

Mundanam başga, sosial ulgamlarda, türkmen aktiwistleriniň saýtlarynda saýlaw kampaniýasy döwründe ýol berlen kemçilikler, iş başyndaky prezidentiň şahsyýetiniň döwlet telewideniýesinde öňkülere garanda hem köp götergilenýändigi, alternatiw kandidatlaryň saýlawçylar bilen duşuşyklaryna bolsa az orun berilýändigi, Berdimuhamedowyň saýlaw güni kesgitlenenden soň raýatlara sowgat paýlamagynyň saýlaw kanunlaryny bozmak bolýandygy aýdyldy.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň agzalary radio bilen söhbetdeşlikde bu kanun bozmalary baradaky soraglara jogap bermediler.

Halkara hukuk toparlarynyň gelýän netijelerine görä, Türkmenistanda hiç wagt adalatly we azat diýlip ykrar edilen saýlawlar geçirilmedi. Emma muňa garamazdan, üçünji möhlete prezident saýlanan Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň we käbir Aziýa ýurtlarynyň liderleri tarapyndan gutlandy. Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedowyň ýeňşini Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Lamberto Zanieri hem gutlady.

“Eurasianet” internet saýty “Saýlaw tomaşalarynyň aňrysynda güýçli ykdysady krizis gizlenýär” atly makalasynda G. Berdimuhamedowyň ulag sürmegi, at çapmagy we aýdym-sazly tomaşalary gurnamagy halaýandygyny, emma onuň häkimiýet başynda galmak üçin gurnaýan esasy tomaşasynyň saýlawlardygyny belledi.

Korrupsiýa "galmagaly"

Türkmenistanyň 2017-nji ýyldaky ýene bir uly wakasy – Maý aýynyň başyndaky korrupsiýa galmagaly boldy. Prezident bu galmagalyň çäginde, wezipesine garaman, wezipesinden peýdalanyp, bikanun işe baş goşanlaryň hemmesine çäre görüljekdigini gaýta-gaýta wada berdi.

Maý aýyndaky korrupsiýa galmagaly, Azatlyk radiosynyň hökümete ýakyn çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, prezidentiň “Aşgabat-2017” oýunlaryny geçirmek üçin telekeçilerden we gurply adamlardan serişde toplamak barada beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilmezligi hem-de prokuratura işgärleriniň käbiriniň öýi dökülende millionlap dollaryň tapylmagy bilen turdy.

Ýerli synçylar Berdimuhamedowyň mundan öň telewideniýede diňe türk biznesmenleri babatda şeýle gaharly gürrüň edendigini bellediler. Netijede, prezidentiň korrupsiýa meselesinde barlyşyksyz bolmak wadalary onlarça resminiň tussag astyna alynmagyna, olaryň telewideniýede ile göz edilmegine alyp geldi.

Ýerli çeşmeler ozalky wise-premýer Batyr Ereşowyň tarpa-taýyn ölümini hem alnyp barylýan derňewler bilen baglanyşdyryp, onuň özüni heläkländigini, işden aýrylan ozalky baş prokuror Amanmyrat Hallyýewiň bolsa türmä basylandygyny aýtdylar.

Emma resmi Aşgabat syzyp çykan maglumatlara hiç hili reaksiýa bildirmedi we soňy bilen üsti açylan jenaýatlar, sud edilýän resmiler barada başdaky açyklygyny azaltdy we ýurtda çagalar bagyndan iň ýokarky edaralara çenli giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa garşy häzir nähili göreşilýändigini, onuň nähili netije berýändigini göz öňüne getirmek kyn. Sebäbi türkmen metbugaty bu barada anyk maglumatlary bermeýär.

Şu aralykda synçylar ýurtdaky korrupsiýa galmagalynyň, içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinç berilmegi, Ykdysady jenaýatlara garşy ýörite gurama döredilmegi bilen, hakykatdanam belli bir derejede korrupsiýa garşy göreş häsiýetine ösüp geçendigini, emma kanunçylygyň hemmeler babatda deň ulanylmaýandygyny bellediler.

Ikinji tarapdan, okyjylarymyzyň biri Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň başlygy Mämmethan Çakyýewiň "adamlary ala tutmak bilen alyp barýan barlag-derňew işlerini" ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründäki baş prokuror Gurbanbibi Atajanowanyň ýolbaşçylyk eden derňewlerine we emläk konfiskasiýalaryna deňedi.

V Aziýa oýunlary we Garaşsyzlyk güni

Taryha gidýän ýylda resmi Türkmenistanyň iň bir buýsanan wakasy sentýabrda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen 5-nji Aziýa oýunlary boldy. Türkmenistanyň ýygyndy komandasy bu ýaryşlarda jemi 245 medal, 89 - altyn, 70- kümüş we 86 - bürünç medal aldy. Ýaryşlarda türkmen türgenleriniň altyn medal boýunça iň ýakyn bäsdeşi Hytaý biziň sportsmenlerimizden iki esse az - 42 altyn medal aldy.

Emma türkmen häkimiýetleri bu oýunlaryň öňünden adam hukuklaryny has giň möçberde bozmakda, Aşgabady abadanlaşdyrmak proýektleriniň çäginde müňlerçe adamyň jaýyny ýykmakda we olara ýeterlik kompensasiýa bermezlikde, raýatlaryň, hususan-da regionlaryň ilatynyň hereket azatlygyny çäklendirmekde we býujet işgärlerini, okuwçylary hem studentleri mejbury çärelere çekmede tankyt edildi.

Şeýle-de, resmi taýdan tassyklanmadyk we inkär edilmedik maglumatlara görä, 5-nji Aziýa oýunlaryna zerur bolan serişde ýetmezçiligi raýatlaryň bir böleginiň aýlyklarynyň belli bir prosentiniň tutulmagyna we ‘aziada kömek üçin’ ulanylmagyna, ýurduň gurply adamlaryndan, işewürlerden mejbury-meýletin serişde toplanmagyna getirdi.

Ekspertler bu oýunlaryň garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda iň çynlakaý ykdysady krizise gabat gelendigini aýdýarlar. Resmi maglumatlara görä, 5-nji Aziýa oýunlary üçin gurlan sport desgalary türkmen gaznasyna 5 milliard dollardan gowrak serişdä düşdi. Şeýle-de Aşgabatda bu çärä gabat täze, 2,3 milliard dollara düşen halkara howa menzili guruldy.

V Aziýa oýunlarynyň tamamlanan gününiň ertesi – 28-nji sentýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň –“Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly eseriniň tanyşdyrylyşy boldy. “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri “täze kitapda bedenterbiýäniň we sportuň adamyň we jemgyýetiň durmuşynda oýnaýan rolunyň açylyp görkezilýändigini” habar berýär.

Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça prezident üstünlik gazanan sportsmenleri, tälimçileri sylaglady, sportsmenler bolsa prezidente altyn tigir sowgat berdiler.

Aziýa oýunlaryndan soň prezidentiň ogly Serdaryň hem sylagy ýetdi, türkmen parlamenti oňa “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly ady dakdy. Ol bu derejä “Türkmenistanyň sport döwleti hökmündäki halkara abraýyny ýokarlandyrmaklyga hem-de ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen 5-nji Aziýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän sportsmenleri taýýarlamaklyga goşan şahsy goşandy” üçin mynasyp boldy diýip, habarlarda aýdylýar.

27-nji sentýabrda tamamlanan Aziýa oýunlarynyň iň bellemeli tarapy bolsa, Türkmenistanyň taryhy garaşsyzlyk gününiň, 27-nji oktýabryň ornuny basyp almagy boldy.

"Ýeňillikleriň" ýatyrylmagy

2017-nji ýylyň türkmenistanlylaryň durmuşyna uly täsir ýetiren ýa ýetirjek ýene bir wakasy oktýabr aýynyň başynda geçirilen Ýaşulular maslahaty, bu maslahatda kabul edilen kararlar boldy. Prezident Berdimuhamedow bu maslahatda ýaşulularyň käbiriniň 2015-nji ýyldan bäri edip gelýän tekliplerini, ilata 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri berilýän sosial ýeňillikleri ýatyrmak teklibini goldady we noýabryň başyndan jemagat hojalygy hyzmatlaryna, tebigy gaz, elektrik togy, suw üçin täze nyrhlaryň giriziljekdigini habar berdi.

Prezident Berdimuhamedow bu kararyny Türkmenistanda soňky ýyllarda “ilatyň girdejisiniň ýyldan-ýyla artýandygy we köp sanly iş orunlarynyň döredilýändigi” bilen düşündirdi. Döwlet baştutanynyň ynanjyna görä, Nyýazow tarapyndan 290-njy ýyllaryň başynda girizilen “ýeňillikler ulgamy indi özüni ödemeýär” we olaryň saklanyp galmagy azat bazar gatnaşyklaryna geçilmegine päsgelçilik döredýär.

Emma mundan öňki ýyllarda bu syýasat, ilata berilýän ýeňillikler ýurtda adam hukuklarynyň we demokratiýanyň dabaralanmagy hökmünde giňden wagyz edilýärdi.

Gysgaça aýdylanda, 2017-nji ýyl hökümet tankytçylarynyň dilinde ‘mugtçylyk’ diýip at alan we 1993-nji ýyldan berlip başlanan sosial ýeňillikleriň ýatyrylan ýyly bolup taryha girdi, ýogsa ol başda ilaty sosial taýdan goldamak maksady bilen 10 ýyllyk möhlet bilen girizilipdi we soňra 2030-njy ýyla çenli saklanylmaly edilipdi.

Ekspertler hökümetiň bu kararyny türkmen döwletiniň garaşsyzlyk ýyllarynda duçar bolan iň agyr ykdysady krizisi bilen düşündirýärler we ilatyň girdejileriniň, iş orunlarynyň köpelendigi baradaky beýanatlary esassyz hasaplaýarlar.

Dollar-manat başagaýlyklary

2017-nji ýyl türkmen manadynyň hümmetiniň yzygiderli peselen we Berdimuhamedowyň ýurt dolandyran ýyllarynda dollaryň gara bazar nyrhlarynyň häzire çenli rekord derejede gymmatlan döwri boldy.

Dekabr aýynda “Dollar söwdagärleri dollary 9 manat 80 teňňe bilen 10 manat aralygynda satyn alyp, satanlarynda 10 manat 30 teňňe - 10 manat 60 teňňe aralygynda satdylar.

“2009-njy ýylda dollaryň gara bazar nyrhy ortaça 25-26 maň manatdy we käte 27 müň manada ýetýärdi. 27 müň manady häzirki pula geçirseň, ol 5 manat 40 teňňe bolýar, bu türkmen manadynyň häzir 2009-njy ýyldaky reformadan öňküsinden hem iki esse hümmetini ýitirendigini görkezýär” diýip, aşgabatly maliýeçi Azatlyk radiosyna aýtdy.

Bu ýagdaý manadyny resmi kursdan dollara öwürmek isleýän raýatlaryň barha kän daşary ýurtlara gatnamagyna, manat-dollar turizminiň pajarlap ösmegine we ahyrynda daşary ýurtlarda gündelik we aýlyk nagtlaşdyryp bolýan türkmen serişdeleriniň ençeme gezek çäkldnirilmegine alyp geldi.

Soňky maglumatlara görä, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlary Daşary ykdysady iş bankynyň VISA kartlarynyň ulanylmagyna girizen çäklendirmeleri sebäpli agyr ýagdaýda galýarlar. Türkmenistanlylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häzirki wagtda Ýewropa ýurtlarynda we Türkiýede diňe bir bankomatlardan pul çykarmak däl, eýsem harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşmak hem başartmaýar.

Emma Türkmenistanyň resmi metbugatynda dollaryň we manadyň arasyndaky gatnaşygyň üýtgeýşi we bazar nyrhlarynyň ýokarlanyşy, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan maddy kynçylyklary, işsizlik meseleleri barada maglumat berilmedi.

Ýöne Halkara walýuta fondunyň ekspertleriniň Türkmenistanda bolup ýaýradan beýanatlarynda döwlet inwestisiýalarynyň azaldylmagy barada berlen maslahatlar Aşgabadyň indi milliardlap dollar harçlanýan gurluşyklardan saklanmaly boljagyny yşarat edýär. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň 2017-nji ýylyň martynda işe girizen Garlyk dag magdan baýlaşdyryş kombinatynyň özüne çykarylan harajatlary nähili ödeýändigi belli bolman galýar, daşary ýurtlara satmak däl, hökümet maslahatynda ýurduň özündäki dökün problemalary barada gürrüň edilýär.

Azyk "hopwsuzlygy"

Türkmenistanda metbugatda ýene bir aýdyňlyk salynmaýan mesele bolsa – ýurtdaky azyk meselesi boldy. Bir tarapdan türkmen telewideniýesi dükanlarda we bazarlarda azyk bolçulygynyň döredilendigi barada yzygiderli habar berdi, ikinji tarapdan prezident baýramçylyklaryň öňünden her gezek dükan, azyk meselesini ýatladyp, kynçylyklaryň dowam edýändigini gytaklaýyn tassyklamagyny dowam etdirdi.

Şeýle-de bu ýyl Türkmenistan galla, bugdaý planynyň doldurylmandygyny boýun aldy. Prezident Berdimuhamedowyň hökümet mejlislerinde aýdan sözlerine görä, "oba hojalygyndaky reformalar haýal bolmagynda galýar, daýhanlar ýaramaz işleýär, ýerler şor we her gektardan alynýan hasylyň derejesi örän pes".

Şeýle-de prezident önüm öndürijiler, daýhanlar we maldarlar üçin ähli şertiň döredilýändigini ýene bir ýyl gaýtalady, daşary ýurtlardan import edilýän önümleriň öwezini tutýan önümleriň köp öndürilmegini, eksport harytlaryň köpeldilmegini talap etdi.

Emma Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar Türkmenistanyň oba hojalygynda sowet dolandyryş usullarynyň, döwlet planlarynyň saklanyp galandygyny, daýhana we önüm öndürijilere bazar düzgünlerine laýyk ygtyýar, erk we mümkinçilik berilmeýändigini, mejbury zähmetiň saklanyp galýandygyny aýdýarlar. Megerem şundan, prezident ýurtda azyk howpsuzlygy boýunça döwlet komissiýasyny döretmäge mejbur boldy, emma bu komissiýanyň ýagdaýy üýtgedip biljegi belli däl.

Bugdaý planyndan tapawutlylykda, 2017-nji ýylda pagta planynyň dolandygy habar berdildi, emma prezident soňra galan pagta hasylynyň ýygnalyşynyň haýaldygyny, käbir etraplarda pagta planlarynyň doldurylmandygyny aýdyp, käbir welaýat we etrap häkimlerini wezipelerinden boşatdy.

Nebit-gaz pudagyndaky kynçylyklar

2017-nji ýyldaky kadr çalyşmalary, käýinçler we duýduryşlar Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyndan hem sowa geçmedi. Mysal üçin, Berdimuhamedow dekabryň başynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Döwletmyrat Bäşimowa, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Döwletdurdy Hajyýewe käýinç yglan etdi. Ýöne türkmen prezidenti dekabrda ozal işden boşadan orunbasaryny - Ýagşygeldi Kakaýewi Türkmenistanyň prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellemeli boldy.

Ýogsa Kakaýew aprel aýynda hökümet başlygynyň nebit-gaz senagatyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinden boşadylypdy. Şonda ol gözegçilik edýän pudagyna "kontrollygy gowşatmakda" aýyplandy.

Metbugat habarlaryndan mälim bolşuna görä, häzir Türkmenistanyň iň girdejili pudagy bolan nebit-gaz pudagy hem maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýär. Türkmen aktiwistleriniň saýtlarynda “Türkmennebit”, “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryna millionlarça dollar bergilerini berip bilmeýändigi habar berilýär.

Adam hukuklary

Türkmenistan 2017-nji ýylda hem adam hukuklary boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde öňki ýyllardan kän tapawutlanmady, ýogsa bu ýylda ýurtda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - ombudsmen instituty döredildi. Emma bu institut, köppartiýalylyk, syýasy partiýalary döretmek azatlygy, metbugat, söz, bileleşik, demonstrasiýa azatlyklary, din azatlygy ýaly, kagyz ýüzünde galan kanunlaryň biri boldy. Şol bir wagtda ýapyk sudlarda ýyl kesilip, türkmen türmesinde ýitirim bolýanlaryň sanynyň azalmaýandygy aýdylýar.

"Olary diri görkeziň" kampaniýasy türkmen türmelerinde ýiten hasaplanylýan raýatlaryň 110-dan gowragynyň dokumentleşdirilendigini habar berdi, şu aralykda hem Nyýazow döwründe, hem Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň türmä basylan ozalky resmileriň türmeden ýogalyp çykmagy dowam etdi.

Mysal üçin, 2017-nji ýylyň ýanwarynda ozalky general-maýor, Türkmenistanyň serhet goşunlaryna 1999-2002-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk eden Tirkiş Tyrmyýewiň jesedi maşgalasyna berildi, awgust aýynda bolsa Türkmenistanyň prezidentiniň goragynyň ozalky başlygy Akmyrat Rejebowyň 10 ýyl üzňelikde saklanyp, türmede ýogalandygy belli boldy.

"Gülençilere" görlen çäreler

Munuň üstesine, Türkiýede 2016-njy ýylyň tomsunda bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň sarsgynlary Türkmenistana hem baryp ýetdi. Mälim bolşy ýaly, Ankara bu agdarylyşyk synanyşygyny Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Gülenden gördi we ýurtda "gülençiler" diýilýänleriň garşysyna giň kampaniýa başlandy.

Azatlyk radiosynyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, aprel-maý aýlarynda Türkmenistanyň diňe Lebap welaýatynda, türk ruhanysy Fethullah Gülen bilen bagly “gülençileriň hereketi” diýilýän topara gatnaşykda aýyplanyp, azyndan 50 çemesi adam tussag edildi.

Şeýle-de, Azatlyk radiosyna jemi 18 adamyň umumy hasap bilen 333 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini tassyklaýan sud dokumentleriniň göçürmesi gelip gowuşdy.

2017-nji ýylyň ýylyň 8-nji fewralynda çykarylan hökümde ady geçýän 18 adamyň ählisine Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 177-nji, ýagny Durmuş, milli ýa-da dini duşmançylygyny döretmek maddasynyň 3-nji bölegine; şeýle-de 275-nji, ýagny Jenaýatçylykly düzümleriň maliýeleşdirilmegi maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda aýyplama bildirilip, olar günäli tapylypdyrlar.

Bellemeli ýeri, günäli tapylanlara 10 ýyldan 25 ýyla çenli aralykda uzak möhletli ýyl kesilipdir.

Iýul aýynda bolsa, türk oppozision hereketi bilen ilteşigi bolmakda aýyplanyp, ýene-de onlarça adam tussag edildi. Ýurduň sud ulgamyna ýakyn çeşmäniň aýtmagyna görä, 5-7-nji iýulda Lebap welaýatynyň sudy azyndan 40 adama garşy höküm çykardy.

Ikinji tarapdan, Türkmenistanda baýramçylyklara gabat köpçülikleýin günä geçmeler dowam etdirildi, emma halkara hukuk toparlary tarapyndan syýasy tussag, wyždan ýesiri diýlip hasaplanylýan adamlar günä geçişe düşmedi.

“Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”

Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, 2017-nji ýyl hem dabaraly çärelere, medeni wakalara baý boldy. Prezident Berdimuhamedow çäreleriň ýokary gurmaçylyk bilen geçirilmegini talap etdi we öz okyjylaryny täze kitaplary bilen begendirip durdy. Bellemeli ýeri, 2017--nji ýylda Berdimuhamedowyň oktýabr aýynda çap edilen ‘Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi’ atly kitaby esasynda çeper film hem surata düşürilip başlandy. Sentýabr aýynda prezident öz okyjylaryny “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly eseri bilen begendiripdi.

Ondan öň, awgust aýynda ýazyjynyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitaby köpçülige hödürlendi. Berdimuhamedow bu eseri ýurduň Içeri işler ministrliginiň taryhyna hem-de kakasy Mälikguly aganyň ministrligiň işine goşan şahsy goşandyna bagyşlady. Netijede, kino düşürilýän eseri bilen alanyňda, Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geleli bäri 50-ä golaý kitap ýazandygy aýdylýar.

2017-nji ýylda Berdimuhamedowyň ýene bir talanty - söweş ýaraglaryndan nyşana ok atmak, hanjar zyňmak ussatlygy hem belli boldy, türkmen telewideniýesiniň taýýarlan wideoýazgysynda harbylara ussatlygyny görkezen Berdimuhamedowa - türkmen gahrymanyna Youtube-de ýüz müňlerçe adam tomaşa etdi, ol hakynda dünýä metbugatynda makalalar çap edildi.

Serdar Berdimuhamedowyň 'syýasy aktiwligi'

2017-nji ýyl - prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň hem syýasy meýdanda has kän göze ilmegi bilen tapawutlandy, ýylyň dowamynda ol mejlisde kanunçylyk komitetine ýolbaşçy bellenen bolsa, soň onuň Orsýete, Tatarystana baran türkmen delegasiýasyna ýolbaşçylyk edişi, atasynyň adyna döredilen medal bilen sylaglanyşy habar berildi.

Taryha gidýän ýylyň soňky günlerinde bolsa, prezidentiň oglunyň gatnaşmagynda Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde 375 orunlyk täze medisina toplumy açyldy.

TDH döwlet habarlar gullugynyň sözleri bilen aýdylanda, “şeýle edaranyň döredilmegi parlamentde Ahal welaýatynyň 24-nji saýlaw okrugynyň ýaşaýjylarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän Serdar Berdimuhamedowdan yhlaslylygy hem-de maksada okgunlylygy talap etdi”.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG