Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG paneli Eýrany ýemen pitneçilerine ýarag bermekde aýyplaýar


Saana, postda duran esger.
Saana, postda duran esger.

BMG-niň paneliniň täze hasabatynda Eýranyň göni ýa gytaklaýyn Ýemendäki şaýy pitneçilerine raketa we dron bermek bilen, BMG-niň ýarag gadaganlygyny bozandygy aýdylýar.

Ozal bu aýyplama Birleşen Ştatlar tarapyndan bildirilipdi.

Hasabatyň ekspertleriniň 12-nji ýanwarda diplomatlara we metbugata mälim bolan maglumatlaryna görä, BMG-niň paneli noýabrda we dekabrda Saud Arabystanyna sapar etdi we Ýemeniň huti pitneçileri tarapyndan şol aýlarda hem maý, iýul aýlarynda atylan raketalaryň galyndylaryny derňedi.

Panel özüniň ýemen pitneçileri tarapyndan Saud Arabystanyna tarap atylan ýaraglar Eýranda ýasaldy diýen netijä gelendigini aýtdy.

Saud Arabystany Ýemendäki raýat urşunda pitneçilere garşy alnyp barylýan söweşde hökümeti goldaýan arap koalisiýaynyň başyny çekýär.

XS
SM
MD
LG