Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleri Türkmenistanda ýatyrylan Hatyra gününi ýatlaýarlar


Türkmensähraly alym Abdyrahman Düýeji Aşgabatda Hatyra günüe gatnaşýar. Arhiw suraty
Türkmensähraly alym Abdyrahman Düýeji Aşgabatda Hatyra günüe gatnaşýar. Arhiw suraty

Türkmenistanda "Hatyar gününiň" 12-nji ýanwarda resmi görnüşde bellenmegi dört ýyl mundan owal ýatyryldy, şondan bäri watan üçin janyny pida edenler resmi görnüşde tebigy betbagtçylyklarda heläk bolanlar bilen bilelikde ýatlanylýar.

Eýsem, dünýä türkmenleri Hatyra gününiň 12-nji ýanwarda resmi taýdan bellenmeginiň ýatyrylmagyna nähili baha berýärler?

12-nji ýanwarda Gökdepe söweşiniň pidalary bilen bilelikde watan üçin söweşlerde janyny pida edenleriň resmi ýagdaýda ýatlanmagy goýbolsun edileli bäri dünýä türkmenleri Hatyra günini nähili ýatlaýarlar ýa-da belleýärler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Hatyra gününe gönükdirýär. Gepleşigiň myhmanlary Türkiýäniň Trakýa uniwersitetinde işleýän türkmensähraly alym Abdyrrahman Düýeji bilen türkmen studenti Myrat.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky öz pikirleriňiz bilen tejribeleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Dünýä türkmenleri Türkmenistanda ýatyrylan Hatyra gününi ýatlaýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:57 0:00

XS
SM
MD
LG