Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ýanýan gämisi deňze çökdi, aman galanlary tapmak 'umydy ýok'


Ýanýan gämi
Ýanýan gämi

Eýranyň Günorta Hytaý deňzinde Hytaýyň ýük gämisi bilen çakyşan nebit tankeri bir hepdeden gowrak ýanyp, Ýaponiýanyň ykdysady dahylsyzlyk zonasyndaky suwlara baryp, aşak çökdi.

Hytaýyň döwlet mediasy gäminiň ýük böleginiň ýene bir bölegi ot alnyndan soň, 14-nji ýanwarda çökendigini habar berdi. Şu aralykda, eýran resmileri gäminiň ekipaž agzalarynyň arasynda aman galanlary tapmak umydynyň gutarandygyny aýtdy.

Eýranyň bu sebite taşlanan halas edijiler toparynyň sözçüsi Mohammad Rastad 14-nji ýanwarda, gämi çökmezinden biraz öň beýanat bilen çykyş etdi.

Üstünde 30 sany eýranly we iki sany bangladeşli ekipaž agzasy bolan gämi 6-njy ýanwarda Şanhaýyň golaýyndaky kenarlarynda ot aldy.

Aýdylmagyna görä, ekipaž agzalarynyň üçüsiniň jesetleri tapyldy, emma galan 29 adam tapylmaýar.

Bu gämi Günorta Koreýa 1 million barrele golaý ýangyç alyp barýan eken. Olhytaý kenarlaryndan 184 km uzaklykda Birleşen Ştatlardan bugdaý alyp gelýän hytaý gämisi bilen çakyşdy.

XS
SM
MD
LG