Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Merkezi Aziýada C5+1 formatynda duşuşyk geçirmegi planlaşdyrýar


C5+1 formatynda geçirilen duşuşyklaryň biri
C5+1 formatynda geçirilen duşuşyklaryň biri

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birinde C5+1 formatynda duşuşyk geçirmegi planlaşdyrýar diýip, “Sputnik” neşiri Döwlet sekretarynyň Owganystan, Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Elis Uellse salgylanyp ýazýar.

C5+1 formatyna Merkezi Aziýa döwletleri – Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Birleşen Ştatlar girýär. Bu formatdaky duşuşyk adatça agzalýan ýurtlaryň daşary işler ministrleri derejesinde geçirilýär.

“Bu formatdaky duşuşyk öndümli we konstruktiw bolmagynda galýar. Bu format öňki administrasiýa tarapyndan ýola goýuldy. Ýöne bu häzirki administrasiýa, şol sanda prezident Donald Tramp we döwlet sekretary Reks Tillerson tarapyndan hem doly goldanylýar. Mundan öň şeýle formatdaky duşuşyk ýurtlaryň daşary işler ministrleri derejesinde Nýu-Ýorkda geçirilipdi we geljekde Tillerson şeýle duşuşygy Merkezi Aziýada geçirmegi planlaşdyrýar” diýip, Uells telefon arkaly beren maglumatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tutuş regionyň meselelerini bilelikde çözmeginiň begendirijidigini aýtdy.

Şeýle-de, ol Owganystanda durnuklylygyň berkemeginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga bagly boljakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

C5+1 formatyndaky duşuşyk ilkinji gezek 2015-nji ýylyň noýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG