Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa işgärleriniň azaldylmagy bilen gözegçilik selçeňledi


Polisiýa işgärleri futbola tomaşa edýärler.

Türkmenistanda Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň sanyny azaltmak baradaky maglumatlaryň peýda bolmagy bilen, ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Aşgabatda hem polisiýa gözegçiliginiň selçeňländigine üns çekilýär.

Polisiýa işgärleriniň azaldylmagy bilen gözegçilik selçeňledi
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:02 0:00

Ýatladyp geçsek, ýylyň çalyşmagy bilen Lebap welaýatynda 1 müň çemesi polisiýa işgäriniň wezipesinden boşadyljakdygy aýdylypdy.

Azatlyk Radiosynyň biri-birinden aýry çeşmeleri iş orunlarynyň kemeldilmeginiň ministrligiň beýleki bölümleri bilen bir hatarda, esasan, Jenaýat agtaryş bölüminde amala aşyryljakdygyny, hatda bu bölümiň doly ýapylmak ähtimallygynyň hem bardygyny aýdypdylar.

Munuň bilen birlikde, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan polisiýa işgärleri geçen ýylyň aýagynda, Polisiýanyň ýol hereketine gözegçilik gullugynyň (PÝGG) düzüminde hem ştat kemeltmeleriniň boljakdygy barada duýduryşlaryň berlendigini gürrüň beripdiler.

Şonda, köçe-ýol hereketine gözegçilik etmekde indi döwrebap wideokameralaryň hyzmatyndan has kän peýdalanmaga geçiljekdigi aýdylypdyr.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosyna polisiýa işgärleriniň köpçülikleýin ýagdaýda wezipelerinden boşadyljakdygy baradaky maglumatlary häzirlikçe ýurduň Içeri işler ministrligine ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Emma geçen hepdeden bäri Aşgabadyň bazarlarynyň töwereginde we çatryklarda ozal juda köplük bolan ýol gözegçileriniň, polisiýa işgärleriniň sany göz-görtele azaldy.

Ozal her çatrykda, käte köçäniň iki tarapynda hem 2-3 polisiýa işgäri duran bolsa, häzir diňe her 2-2,5 kilometrden bir gözegçi dur, aglara bukulyp durýan ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri asla-da ýok boldy diýen ýaly.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri PÝGG işgärleriniň düzgün bozmadyk sürüjileri saklap, dokument barlap, jerime salar ýaly bahana gözlemegi ýaly ýagdaýlaryň azalanyna meňzeýändigine hem üns çekdiler.

Şol bir wagtda, polisiýa gözegçiliginiň selçeňlemegi bu pudakdaky işgärleriň sanynyň kemeldilmegine gönüden-göni baglydygy dogrusynda hiç hili resmi maglumat almak başartmady. Bu barada degişli resmiler hem nähilidir bir kommentariýa bermekden saklandylar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, häzir Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi we pul ýetmezçiligini başdan geçirýändigi aýdylýan döwründe, ýurduň diňe bir kanun goraýjy däl, eýse tas ähli edara-kärhanalarynda iş orunlaryny kemeltmek barada planlaryň bardygy dogrusynda maglumatlar gowuşýar.

Bu ýagdaýlaryň fonunda, türkmen hökümeti gymmatbaha gurluşyk obýektlerini, şol sanda ençeme ýüz million dollarlyk myhmanhanalary gurmak baradaky planlaryny ‘uly buýsanç’ bilen ilata äşgär edýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG