Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdat: Janyndan geçenleriň iki hüjüminde azyndan 38 adam öldi


Yragyň howpsuzlyk güýçleri partlamanyň bolan ýerini derňeýärler.

Yragyň Içeri işler ministrligi janyndan geçen iki adamyň Bagdadyň merkezine eden bomba hüjümlerinde azyndan 38 adamyň ölendigini we başga-da 105 sanysynyň ýaralanandygyny aýdýar.

Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Saad Maanyň aýtmagyna görä, 15-nji ýanwarda janyndan geçen hüjümçiler Yragyň paýtagtynyň merkezindäki “Sahet al-Taýaran” meýdançasyny nyşana aldylar.

“Sahet al-Taýaran” gyzgalaňly söwda meýdançasy bolup, şeýle-de bu ýerde iş tapmak umydy bilen her gün irden gündelik işçiler ýygnalýar.

Waka şaýat bolanlaryň Germaniýanyň “dpa” habar agentligine beren maglumatyna görä, partlama gurluşyk işçileriniň ýygnanan ýeriniň golaýynda bolupdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady, ýöne Yrakda şuňa meňzeş partlamalaryň köpüsi “Yslam döwleti” atly söweşiji topar tarapyndan amala aşyrylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG