Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti Tramp bilen duşuşyp, Owganystany we Orsýeti maslahat eder


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (çepde) we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp. 21-nji maý, 2017 ý.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 16-njy ýanwarda Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşyk geçirip, onuň dowamynda regional howpsuzlygy, ykdysady meseleleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahat eder diýip, Ak tam aýdýar.

Iki lider duşuşygyň barşynda “dürli halkara problemalary”, şol sanda Gazagystanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine prezidentlik edýän döwrüne täsir etjek Owganystan meselesini maslahat ederler diýip, Ak tam mälim etdi.

Gazagystanyň döwlet eýeçiligindäki habar agentligi “Kazinformyň” habar bermegine görä, Tramp bilen Nazarbaýew gepleşikleriň dowamynda söwda meseleleri bilen bir hatarda Orsýet bilen gatnaşyklary hem-de Siriýadaky urşy maslahat ederler.

Gazak prezidentine geňeşdarlyk edýän Gazagystanyň Strategik barlag institutynyň direktorynyň orunbasary Sanat Kuşkumbaýew: “Birleşen Ştatlary Gazagystanyň esasy söwda we maýa goýum hyzmatdaşydyr” diýdi.

“Syýasy nukdaýynazardan çemeleşilende, biz regional we global howpsuzlyk meselelerini çözmekde we bu ugurlarda öňe gidişlik gazanmakda hyzmatdaşlyk edýäris. Owganystandaky ýagdaýlar, Siriýadaky konflikt we Orsýet bilen gatnaşyklar duşuşygyň üns merkezinde bolar” diýip, “Kazinform” Kuşkumbaýewi sitirledi.

Gazagystanyň Howpsuzlyk Geňeşine prezidentlik edýän döwründe, Owganystanyň esasy güntertipde saklanylmagyna garaşylýar.

Täze ýyl güni Geňeşiň gezekli-gezegine ýerine ýetirilýän prezidentlik möhletine başlyklyga girişen Gazagystanyň BMG-däki ilçisi Kairat Umarow 11-nji ýanwar güni eden çykyşynda, Geňeşiň agzalarynyň Owganystandaky mümkinçilikleri we mätäçlikleri anyklamak üçin, bu ýurda sapar etmegi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.

Biziň pikirimizçe, ýurtdaky soňky ýagdaýlar bilen ýerinde tanyşmak Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary üçin wajyp bolup durýar diýip, Umarow aýtdy.

Ilçi meýilleşdirilýän saparyň senesi barada anyk maglumat bermedi, ýöne ol soňky ýedi ýylyň dowamynda Geňeşiň ähli agzalarynyň bilelikde Owganystana ilkinji gezek sapar edýändigini belledi.

9-njy ýanwarda ABŞ-nyň ilçisi Jorj Krol bilen Astanada geçirilen duşuşykdan soň, gazak prezidenti geçen 26 ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan “dostlukly gatnaşyklaryň” ösdürilmegini isleýändigini mälim etdi.

Ol terrorçylyga garşy göreşmekde, ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almakda we söwda hem-de maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmekde, Waşington bilen mundan beýläk has-da giň hyzmatdaşlyk etmegi umyt edýändigini aýtdy diýip, habar agentlikleri maglumat berdi.

“ABŞ-nyň gatnaşmagynda 500-e golaý kompaniýa Gazagystanda iş alyp barýar we olaryň 140-dan gowragy bilelikdäki kärhanadyr. Olar haryt öndürip, öz önümlerini beýleki ýurtlara eksport edýärler” diýip, Nazarbaýew Birleşen Ştatlara etjek üç günlük saparynyň öňýany aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG