Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Köçede ýa-da şahsy awtoulagynda çilim çekýänlere gözegçilik güýçlendi


Arhiwden alnan surat

Şu günler Aşgabatda köçede ýa-da şahsy awtoulagynda çilim çekýänleri saklap, olara jerime salmak çäreleri güýçlendi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleri çilime garşy göreşiň bütinleý täze forma geçendigini aýdyp, öňkülerden tapawutlylykda, indi polisiýa işgärleriniň polisiýanyň ýörite egin-eşiginde däl-de, raýat geýiminde aýlanyp, çilim çekýänleri garawullaýandygyny aýdýarlar.

“Kimdir biri köçäniň islendik ýerinde ýa-da awtoduralgada duran ulagynda çilim otlansa, niredendir bir ýerden raýat eşigindäki polisiýa işgärleri peýda bolýarlar we özleriniň polisiýa işgäridigini tassyk edýän resminamany görkezýärler” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bu ýagdaýy başdangeçiren adamlaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, şondan soňra raýat eşigindäki polisiýa işgärleri çilim çeken raýaty golaý-goltumda duran polisiýa ulagyny mündirip, polisiýa departamentine alyp gidýärler.

“[Çilim çeken raýat] maşyna münäýse, onda ony golaýdaky polisiýa departamentine ýa-da şahamçasyna alyp gidýärler. Şol ýerde-de göýä bir uly jenaýatçyny tutan ýaly edip, dürli soraglary berýärler we ýörite protokoly ýazdyryp, gol çekdirýärler diýip, bu ýagdaýy başdan geçirenler gürrüň berýärler. Soňra-da jerime salýarlar. Jerimäniň iň az mukdary 75 manat, iň ýokarsy 300 manat” diýip, Bugaýew belleýär.

Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmeklige garşy göreş takmynan 5 ýyl çemesi ozal yglan edilipdi. Şondan soň köçelerde we jemgyýetçilik ýerleriniň ählisinde, ýagny raýatlaryň ýaşaýan jaýyndan başga ýerde çilim çekenlere garşy jerime salnyp başlandy. Bu çäre wagtal-wagtal güýçlendirilse, käte-de unudyldy.

Aşgabatda köçede ýa-da şahsy awtoulagynda çilim çekýänlere garşy gözegçilikler gaýtadan güýçlenen mahaly, Türkmenistanyň paýtagtynda we regionlarynda polisiýanyň palçylary hem saklap, olara jerime salyp başlandygy barada maglumatlar peýda boldy.

15-nji ýanwarda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri özüniň ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, saklanan palçylaryň polisiýa uçastoklaryna alnyp gidilýändigini we administratiw düzgün bozmalarda aýyplanyp, 100 manat möçberinde jerime salynýandygyny habar berdi.

Türkmenistanda köçede ýa-da şahsy awtoulagynda çilim çekýänlere hem-de palçylara garşy gözegçiligiň güýçlendirilmegi we onuň sebäpleri barada häzirlikçe ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri tarapyndan düşündiriş ýa-da maglumat berilýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri özüniň ýokary derejeli türkmen resmileriniň arasyndaky çeşmesine salgylanyp, polisiýanyň palçylara garşy gözegçiliginiň duýdansyz güýçlenmeginiň sebäpleriniň, güýç gulluklaryna “býujeti islendik ýagdaýda dolmak” barada berlen görkezme bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosyna bu maglumaty öz çeşmelerine häzirlikçe tassyklatmak başartmasa-da, häzirki wagt Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýar.

Şeýle-de, ýurtda käbir azyk harytlarynyň gytçylygynyň dowam edýän döwründe işgärleriň aýlyklarynyň, talyp we pensiýa haklarynyň, kömek pullarynyň wagtynda berilmeýändigi hem-de bankomatlarda nagt puluň ýetmezçilik edýändigi barada ýygy-ýygydan maglumatlar peýda bolýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG