Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowaly serb syýasy lideri Iwanowiç atylyp öldürildi


Kosowanyň demirgazygyndaky serb syýasy lideri Oliwer Iwanowiç

Kosowanyň demirgazygyndaky serb syýasy lideri Oliwer Iwanowiç bölünen Mitrowiça şäheriniň serbleriň agdyklyk edýän territoriýasyndaky ofisiniň öňünde atylyp öldürildi.

Iwanowiçiň aklawçysy Nebojsa Wlajiçiň Azatlyk Radiosynyň Balkan gullugyna beren maglumatyna görä, Iwanowiç 16-njy ýanwarda irden sagat 8:15-de atyldy we Mitrowiçanyň keselhanasynyň doktorlary onuň irden sagat 9:30-da ölendigini tassykladylar.

Kosowanyň hökümeti Iwanowiçiň öldürilmegini kanunyň hökmürowanlygyna edilen hüjüm diýip ýazgardy.

Serbiýanyň media maglumatlarynda Iwanowiçiň öldürilmegi birden köp hüjümçiler tarapyndan ot açmak görnüşinde amala aşyrylan hüjüm diýlip häsiýetlendirilýär.

Aklawçy Wlajiç lukmanlara salgylanyp, Iwanowiçiň ýokary göwresine azyndan bäş gezek ot açylandygyny aýtdy.

Kosowanyň polisiýasy wakadan birnäçe wagt geçensoň, Mitrowiçanyň başga bir köçesinde otlanan “Opel Astra” kysymly awtoulagyň jenaýatçylar tarapyndan ulanylandygyna ynanylýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG