Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Ak şäherim Aşgabat' ýa-da gara awtomobilleri agartmak galmagaly Lebaba ýetdi


Gara maşynlar azalýar

Türkmenistanyň gündogaryndaky Lebap welaýatynda hem gara reňkli awtomobilleri aga boýatmak talaby güýçlendi, mundan öň diňe hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň gara reňkli maşynlaryna gadaganlyk girizilipdi, emma düýn köçede gara we garamtyl reňkli maşynlaryň ählisini saklap başladylar diýip, Azatlygyň Lebapdaky çeşmesi habar berdi.

Berilýän maglumata görä, köçelerdäki gara reňkli awtoulaglary bir uçdan saklap, göni jerime duralgasyna ugradýarlar. “Maşyn eýesiniň ýaşuly adam ýa aýal maşgala bolmagy hem polisiýada hiç ýaýdanmaçlyk döretmeýär. Maşynyňy jerime duralgasyna saldyrmazlyk ýa ol ýerden yzyna almak üçin ony ak reňke boýatmaga razylyk bermeli. Gara reňkli maşyn müneniň üçin salnan 100 manat jerimäni diňe şondan soň töläp bilýärsiň” diýip, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky çeşmesi habar berýär.

Türkmenistanyň paýtagtynda gara reňkli maşynlara girizilýän resmi däl gadaganlyk geçen ýylyň aýagynda başlandy. Bu ýagdaý ýanwaryň başyndan köçede saklanyp, jerime duralgasyna iberilýän awtoulaglaryň sanynyň birden we yzygiderli köpelmegine alyp geldi.

Şol bir wagtda häkimiýetler bu çäräni ilatyň öz islegi hökmünde görkezmäge çalyşýarlar we her bir sürüjä: “Meniň gara reňkli awtoulagymy ak reňke boýatmaga rugsat beriň” diýip, günäni öz üstlerinden aýyrýan arza ýazdyrýarlar. Ýöne bu hem hemmesi däl. Şeýle arza ýazan awtoulag eýeleri öz ulaglaryny gara reňkden ak reňke boýatmak üçin döwlet awtoinspeksiýasyndan resmi rugsat hatyny almaly.

Olar maşynlaryny diňe şondan soň ussahana tabşyryp bilýärler. Bu ýagdaý döwlet awtoinspeksiýasynyň, maşyn reňkleýän ussahanalaryň agzynda uly nobatlaryň döremegine we maşyn reňklemek nyrhlarynyň ençeme esse ýokarlanmagyna alyp geldi.

Bellemeli ýeri, gara reňkli maşyn eýelerini uly çykdaja goýan gadaganlyk ýurtda 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri berilýän ýeňillikleriň ýatyrylyp, hojalykda ulanylýan tebigy gaza, elektrik toguna we suwa täze nyrhlaryň girizilen wagtyna, iş orunlarynyň gysgaldylmagynyň gürelmegine gabat geldi.
Lebapdan tapawutlylykda, gara reňkli awtomobilleri “agartmak” talaby Daşoguzda bir hepde ozal güýçlendi.

“8-nji ýanwarda welaýat merkezinde ýörite ýygnak geçirilip, edaralaryň ýolbaşçylaryna garamagyndaky işgärleriň awtoulaglarynyň fewral aýynyň ortalaryna çenli ak reňkli bolmalydygy aýdyldy” diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi aýtdy.

“Häzir Daşoguzdaky ussahanalarda gara ýa goýy reňkli awtomobilini reňkletjek bolýanlaryň uzyn nobaty emele geldi, maşyn reňkletmegiň bahalary hem birden gymmatlady, bir maşyny reňkletmek üçin 8 müň manatdan gowrak pul gerek” diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky beýleki çeşmeleri hem habar berdi.

Şu aralykda Aşgabatda gara we garamtyl reňkli awtomobilleriň eýeleriniň arasynda täze, kinaýaly bir salamlaşyk ‘medeniýeti’ döredi. Maşyn eýeleri indi “salam ýa ýagdaýlar nähili?” diýip soran tanyşlaryna başga hiç zat diýmän, “Ak şäherim Aşgabat” diýip jogap berýärler. Bu jogapdan soň salamlaşýanlaryň ikisi hem ajy ýylgyrýar we eginlerini ýygryp, başga söz aýtman, öz ýollaryna gidýär diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda gara reňkli maşynlara girizilen gadaganlyk Orsýetiň “AwtoWaz” kompaniýasyny darykdyrmaýar.

Rus awtomobil öndürijisiniň wekiliniň НСН efirinde tassyklamagyna görä, olarda her nusganyň ak reňki bar. "Diýmek bu meselede hiç bir problema bolmaz. Biz üçin ak esasy reňkleriň biri bolup durýar we ol biziň islendik nusgamyz üçin eleýeterli” diýip, “AwtoWazyň” metbugat gullugynyň başlygy Sergeý Ilinskiý aýtdy.

Türkmenistanda ak reňkiň barha güýçlenýän kulty Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolmagy we ilki adatça hemişe gyzyl ýa gyrmyzy gölli bolan türkmen halylarynyň ak gölli edilip dokalyp başlanmagy, dürli resmi çäreleriň ak güller bilen bezelmegi bilen göze ildi.

Ýöne Aşgabatdaky binalaryň ak mermer bilen örtülmegi hem-de daşary ýurtlardan satyn alynýan dag daşlaryna ýüz millionlarça dollar harçlanmagy 1990-njy ýyllaryň ortasynda, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlandy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG