Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat – Mary: ‘Ýol azaby – gör azaby’


Illýustrasiýa

Baryp Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda gurluşygna başlanan Aşgabat - Mary ýolunyň gurluşygnyň şu güne çenli-de tamamlanmaýanlygyndan, sürüjiler zeýrenýärler.

Ýoluň Ahal welaýatyna degişli bölegi, ýagny Aşgabat - Tejen aralygnyň gurluşygy doly tamamlanmasa-da, bu aralyk bilen oňuşsa bolýandygyny maryly sürüjiler aýdýar. Emma Tejen - Howuzhan aralygynda bu ýoluň hemişelik gurluşyk obýektine öwrülendiginden, ýyllar boýy ol ýoluň düzelmeýändigini sürüjiler aýdýarlar.

Ikigapdallaýyn ýoluň aralygna goýulmaly demir germewleriň oturdylan ýerinden, oturdylmadyk ýerleri kän. Ýol gyralaryna dökülen çagyldyr gum üýşmekleri hem tekizlenmän, ýoly has hem daraldýar. Şol wagtyň özünde, kä ýerde işläp ýören tehnikalara hem gözüň düşýär. Ýöne olaryň önjeýli edýän işleri göze ilmeýär. Sürüjiler bu aralykda käte saga, käte çepe geçip, ikigapdallaýyn hereket edýärler.

Garşylykly hereket üçin ýoluň darlyk etmeginden daşary, çöken hem owranan, kä ýerlerde uzyn zolaklary emele getirýän asfalt ýol awtoulaglaryň aşakky bölegine degýär. Jalka-jalka siltewler sürüjileriňem, ýolagçylaryňam halys eňkini agdarýar diýip, bu ýolda gatnaýanlar aýdýarlar. Aýratyn-da, Aşgabatdan Mara gidilende ýoluň 235-nji, 285-nji kilometrliklerinde asfaltyň has hem çarkandaklyga öwrülmegi bilen şu aralykda häli-şindi awtoulag heläkçilikleriň ýüz bermegine sebäp bolýar.

2017-nji ýylyň 16-njy dekabry güni öýlän sagat 16 töwerekleri şu aralykda birbada 3 ýeňil awtoulaglaryň çaknyşmagy bilen, adam pidasyna getiren agyr ýol heläkçiligniň şaýady bolandygyny Marydan Aşgabada gezelenje gelen Serdar tassyklaýar.

Serdaryň pikiriçe, Tejen - Mary aralygynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň her ädimde diýen ýaly sürüjileri saklap, olara dürli jerimeleri salmagy, sürüjileriň rahatlygyny bozýar. Olaryň ünsi öňlerinden çykjak indiki ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerine näçe para berip sypmaly diýen pikire baglanyp, ýoluň näsazlygy baradaky gözegçilikden ünsüni sowýar.

Mara golaýlaşanyňda 15-20 kilometr çemesi ýol kada laýyk bejerilen. Bu aralykda asfalt hem kadaly düşelipdir. Ikigapdallaýyn ýoly bölýän demir germewlerem goýlupdyr. Emma ýoluň abat bölegi şonuň bilen çäklenip, galan ýüzlerçe kilometrlere uzaýan ýol edil eýesiz ýaly, onuň hiç wagt gutarmaýan gurluşygy hiç kime degişli däl ýaly görünýär. Oňa eýesiz diýseň, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri garaşylmadyk ýerde ýoly garawullap, sürüjileri saklap gazanç edýärler.

“Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň sürüjilerden alýan para-pullaryny ýol gurluşygyna sarp etsediler, bu bitmeýän ýol gurluşygy bireýýäm tamamlanardy” diýip, jany ýanan sürüjiler nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG