Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk ýetmezçiligi prezidenti ýene adamlara 'ýer bermek meselesine' getirýär


Mary, ekin meýdanyndan gök önüm ýygyp gelýän oglan

Türkmenistanlylar 15-nji ýanwardan bäri özara söhbetdeşliklerde hökümetiň ýene bir gezek raýatlara gök, bakja we miwe önümlerini ýetişdirmek üçin ýer bölüp bermek mümkinçiligi hakynda pikir alyşýarlar.

Bu umytly pikir alyşmalara prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji ýanwarda geçiren iş maslahatynda aýdan sözleri sebäp boldy diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi habar berdi.

TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, döwlet baştutany welaýatlarda gök-bakja ekinlerini we ir-iýmişleri köpräk ekmek boýunça ýörite meýilnamanyň taýýarlanmagyny talap edýär.

Berdimuhamedowyň geçen ýyldaky hökümet maslahatlarynda gaýta-gaýtaboýun almagyna görä, Türkmenistanda ýerleriň hasyllylygy pes, daşardan getirilýän gök we miwe önümleri üçin millionlap dollar tölenýär.

Ikinji tarapdan, Türkmenistanda soňky döwürde importyň öwezini tutýan önümleri öndürmek, ýyladyşhanalary gurmak, önüm öndürijilere ýer, kredit bermek mümkinçilikleri barada köp gürrüň edilýär. Emma Azatlyk radiosy bilen gürrüňdeş bolýan daýhanlar ýeriň we kreditiň esasan Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalaryna, häkimiýetde uly goldawy bolan adamlara berilýändigini aýdýarlar.

Resmi metbugatda berilýän maglumatlardan çen tutulsa, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň ýyladyşhanalarynda öndürilen önümler ýurduň bazarlarynda hakykatdanam önüm bolçulygyny döretmeli, emma bazarlar import önümlere garaşly we bu ýagdaý bahalaryň barha ösmegi bilen hem tassyk bolýar diýip, 60 ýaşly aşgabatly diňleýjimiz aýtdy.

Ekspertler Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar we türkmen prezidentiniň gök, bakja we miwe önümlerini ýetişdirmek üçin bölünip berilýän ýerleri giňeltmek pikiri Azyk howpsuzlygy boýunça ýörite döwlet komissiýasynyň döredilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Emma Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen ahally kärendeçi hiç bir komissiýanyň ýurtda azyk howpsuzlygyny döretmejekdigini, munuň üçin adamlara ýer, mellek bermelidigini aýdýar.

Bu pikiri Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary, häzir Şwesiýada ýaşaýan ykdysatçy Sapar Yklymow hem tassyklaýar, ýöne ol "kärendeçi diýmegiň ýeriň eýesi diýmegi däl, eýsem batrak diýmegi aňladýadygyny, ozaly döwletiň batrakçylygy saklamakdan el çekmelidigini we içerki ykdysadyýeti dikeltmelidigini" aýdýar.

Elbetde, prezident Berdimuhamedowyň häzirki ýer gürrüňinde adamlara ýer, mellek bermegi nazarda tutup-tutmaýandygy belli däl. Ol mundan birnäçe ýyl öňem welaýatlarda adamlara mellek ýerlerini, şäherlerden 30-40 km uzagrak ýerlerde kömekçi hojalyklary döretmek üçin ýörite ýer bölüp bermegiň gürrüňni etdi.

"Eger-de prezident şol gürrüňiniň yzynda duran bolsady, bu günki gün azyk howpsuzlygy komissiýasyny döretmese-de bolardy" diýip, Azatlygyň söhbetdeş bolan başga bir kärendeçisi – 60 ýaşly Agadurdy (ady üýtgedildi) aýtdy.

Eger biraz yza çekilsek, Türkmenistanyň ilkinji Saparmyrat Nyýazow hem adamlara mellek ýerlerini, bag ekmek üçin ýerleri bermek barada aç-açanlyk ýyllarynyň metbugatynda öňe sürlen ideýalary goldady. Bu goldaw netijesinde adamlara berilýän mellek ýerleriniň möçberi oba, etrap ýerlerinde 25, 32 sotuga çenli baryp ýetdi, paýtagtyň alkymynda döredijilik işgärlerine, döwlet resmilerine 8 sotukdan bag ekmek üçin ýerler berildi.

Netijede, Aşgabadyň etegindäki Bagyr, Ýanbaş, Bekrewe ýaly obalarda berlen ýerlerde gowy jaýlar salyndy. Emma soň, 1999-2000-nji ýyllarda kabul edilen täze kanun esasynda7-8 ýyl öň berlen ýerleriň "bikanun berlendigini ýüze çykardylar".

Bu "açyş esasynda", ýerli ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, diňe Aşgabadyň töwereginde 15 müň töweregi kaşaň hususyjaý ýykyldy. Dag eteklerinde, etrap ýerlerinde adamlara berlen ýerler yzyna alyndy, Aşgabat-Türkmenbaşy asfalt ýolunyň ugrunda berlen ýerler hem yzyna alyndy.

Bagbançylyk ýeri elinden alnan, 8 otagly hususy jaýy ýykylan 70 ýaşly aşgabatly Gutlymyradyň (ady üýtgedildi) hasaplamalaryna görä, diňe Ahal welaýatynda, Aşgabadyň töwereginde we Balkanda adamlara kanun esasynda berlen 30-müňden gowrak bagbançylyk ýeri yzyna alyndy, ol ýerlerde salnan jaýlar ýykyldy.

Ýöne Gutlymyrat aganyň tassyklamagyna görä, Aşgabat töwereginde ýykylan daça ýerleriniň öwezine2007-2008-nji ýyllarda Çoganlydan, gaýraky Garadamakdan ýa Şor diýilýän ýerden, Änew tarapdan başga ýer berdiler, emma ol ýerlerde gurlan hususy jaýlar hem 2013-nji ýyldan başlap ýykyldy.

“Indi adamlar ýer berjek diýseler, begenmelimi ýa gynanmaly, şony bilenoklar” diýip, aşgabatly Gutlymarat aga Azatlyk radiosyna aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG