Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Siriýadaky kürt söweşijilerine garşy harby operasiýalar geçiriler


Türk daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu

Türkiýe Siriýanyň kürtleriň kontrollygyndaky Afrin we Manbij regionlaryna harby operasiýalary amala aşyrmagy planlaşdyrýandygyny aýdýar. Ankara munuň Siriýada Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan kürt ýarym-harby söweşijilerden abanýan “howpa” gaýtawul bermek üçin amala aşyryljakdygyny belleýär.

Türk daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu 18-nji ýanwarda beren maglumatynda, Ankara Türkiýäniň günorta serhedindäki siriýaly kürt güýçlerine berýän goldawy üçin Birleşen Ştatlara “ynanmazlygy” dowam etdirýär diýdi.

Şeýle-de, Çawuşoglu Russiýa Siriýanyň Afrin regionyndaky operasiýalara garşylyk görkezmeli däldir diýip, Ankaranyň bu ýerdäki howa operasiýalary bilen baglanyşykly Moskwa we Tähran bilen sazlaşykly işläp biljekdigini belledi.

Çawuşoglunyň bu baradaky çykyşy, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson ABŞ-nyň Siriýadaky kürt söweşijilere goldawy meselesini aýdyňlaşdyrmak üçin türk daşary işler ministri bilen duşuşandygyny mälim etmeginden bir gün soňa gabat geldi.

XS
SM
MD
LG