Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putine çokunmagyň 50 görnüşi, ýa-da rus telewideniýesiniň saýlaw ýapjalygy


10-njy ýanwarda Moskwada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň özüniň saýlaw kampaniýasynyň edarasyna baryp gördi.

Orsýetde saýlawlara gözegçilik edýän garaşsyz topar telewizion kanallaryň, hususan-da döwlet eýeçiligindäki telewideniýäniň, ýurtda mart aýynda geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda prezident Wladimir Putine hyzmat edýän mugt mahabat kampaniýalary alyp barýandygyny aýdyp, olary saýlaw boýunça ýurtda hereket edýän kanunlary bozmakda aýyplady. Saýlawlarda Putiniň ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.

Rus häkimiýetleriniň hökümete degişli bolmadyk guramalar hakynda çykaran jedelli kanunynyň esasynda “daşary ýurt agentligi” diýlip tagmalanan “Golos” bileleşiginiň aýtmagyna görä, federal, regional we ýerli kanallar soňky wagtlarda onlarça wideony efire berip, olar arkaly Putiniň peýdasyna “bikanun kampaniýa” ýöredýärler.

18-nji martda geçiriljek saýlawlarda Putiniň garaşsyz dalaşgär hökmünde hasaba durmagy üçin zerur bolan 300 müň sany gol ýygnamak maksady bilen ýurduň dürli künjünde alnyp barylýan “meýletin” çärelere gönükdirilen efir gepleşiklerinde Putiniň peýdasyna birtaraply hyzmat edilýär we agzalýan gepleşikleriň onuň prezidentlik wezipesi bilen ilteşigi ýok diýip, “Golos” 16-njy ýanwarda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

Topar öz ýaýradan beýanatyna kadaly telewizion gepleşikleriň mazmunyna gabat gelmeýär diýýän 55 wideonyň sanawyny hem-de olaryň çelgilerini berkidipdir. 17-nji ýanwarda Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa agzalýan gepleşikleriň birnäçesine tomaşa edendigini aýdyp, regional kanallarda efire berlen programmalaryň käbirlerinde “belli bir dalaşgäriň peýdasyna kampaniýa goşant goşýan alamatlaryň bardygyny” boýun aldy.

Telewizion gepleşiklerde kanun gödek bozulmandyr, ýöne olarda bizi ynjalyksyzlandyrýan käbir zatlar bar we biz olara üns bermeli diýip, Pamfilowanyň aýdandygyny TASS täzelikler gullugy habar berdi.

18 ýyllap ýa premýer-ministr ýa-da prezident wezipelerinde ýurdy dolandyran Putin Orsýetiň syýasy giňişliginde Kremliň gözgeçiligini güýçlendirdi. Rus syýasatyny yzarlaýan synçylar Putiniň mart aýynda ikinji gezek alty ýyl möhlet bilen prezidentlige saýlanjykdygynda ynanýarlar.

Ýöne muňa garamazdan, rus telewideniýesi saýlawlaryň öňýany wezipe başyndaky prezidente ýapjalyk häsiýetli gepleşikler bilen öz efirlerine doldurýarlar diýip, mediadaky habarlary seljeren “Golos” habar berýär. Ynha, şol habarlaryň käbiri barada gürrüň edýän syny dykgatyňyza hödürleýäris. Efire berilýän interwýularda, olarda çykyş edýän adamlaryň köpüsiniň Putine tarapgöýlik edýän syýasy güýç bilen ilteşigi agzalmaýar. Olar aýak aldygyna prezidenti wasp edýärler.

Nižny Nowgorod

15-nji ýanwarda regional häkimiýetiň kontrollygyndaky bir habar serişdesiniň taýýarlan raportynda hökümet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň regional şahamçasynyň Putiniň dalaşgärligini goldap, onuň üçin gol ýygnamak kampaniýasyny geçirmek üçin öz edaralarynyň gapylaryny halka açandygy habar berilýär. Habarda prezidenti öwýan ençeme adamlar bilen, şol sanda Iwan Kalmykow bilen geçirilen gürrüňdeşliklere orun berilýär. Habarda Kalmykow “Nižny Nowgorodyň” ýaşaýjysy diýlip tanyşdyrlýar.

“Bu gün biz liderimizi goldap gol çekdik. Wladimir Wladimirowiç Putin geljekde-de biziň prezidentimiz bolar diýip umyt edýäris” diýip, Kalmykow taýýarlanan habarda aýdýar. Ol öz çykyşynda beýleki dalaşgärler barada dil ýarmaýar.

Efire berlen gepleşikde Kalmykow diňe Nižny Nowgorodyň ýaşaýjysy diýlip tanyşdyralan-da bolsa, ol köçede gürrüňdeşlik geçilen adaty adam däl. “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň regional şahamçasynyň resmi websaýtynda aýdylmagyna görä, Kalmykow agzalýan partiýanyň “Molodaýa Gwardiýa” (Ýaş sakçylar) diýilýän ýaşlar toparynyň regional ýolbaşçysy.

Luhowitsy, Moskwa regiony

Moskwanyň 130 km günorta-gündogarynda ýerleşýän Luhowitsy şäherçesinden taýýarlanyp 14-nji ýanwarda efire berlen gepleşikde-de “Golosyň” beýanatynda aýdylýan Putine tarapgöý mazmuna eýerilipdir.

Bu raportlaryň birnäçesinde edilýän gürrüňlerde Putin gönüden-göni agzalmaýar. Ýöne gepleşikler häzriki prezidentiň tarapdarlarynyň taýýarlan stendlerinde düşürilýär. Ýöne Luhowitsy şäherindäki ýerli INKO-TW kanalynda efire berlen gepleşikde tarapgöýligiň “gözi çykarylýar”:

“Wladimir Wladimirowiç Putini goldamak üçin siziň bar etmeli zadyňyz diňe pasporta eýe bolmak we höwesli bolmak” diýip, habarçy Ýelena Zabeline kamera seredip gürleýär.

Soňra Zabelina pasportyny “Putin 2018” ýazgyly futbolka geýinen gyza uzadýar. “Meýletinçi” diýilýän gyz soňra dokumenti alyp, ondaky maglumatlary hasaba alýar.

Wideo programma Alewtina Moseýewa diýlip tanadylýan pensioneriň sözleri bilen jemlenilýär: “Men öz geljegimizi diňe Putin bilen göz öňüne getirýärin. Biz güýçli döwlete öwrüldik. Biz ozal hiç kimdik”

Ahlihalk goldawy

14-nji ýanwarda Orsýetiň iň uly federal telewizion kanallaryndan biri bolan NTV kanaly Habarowsk şäherinde Putin üçin gol toplamagyň “resmi däl” günine badalga berildi diýip, bir habar taýýarlapdyr.

Taýýarlanan wideo gepleşikde Konstantin Ýurow diýlip tanyşdyrylýan adamdan intewýu alynýar. Onuň ýanynda ýaş ogly hem görkzeilýär. Ýurow “Ýedinaýa Rossiýanyň” regional şahamçasyna gol çekmek üçin gelmek barada alan karary dogrusynda çykyş edýär. Ol:

“Meniň oglum meniň Wladimir Wladimirowiç Putini goldamak üçin gol çekmäge barýanyma düşünip, ol hem ‘kaka, menem gol goýjak’ diýip meniň bilen bile gaýtdy” diýýär. Ol çagalaryň dalaşgäri goldap goý goýmaga hukuklarynyň ýokdugyny sözüniň üstüne goşup, “oglum simwoliki gol goýar” diýýär.

NTV-niň taýýarlar wideo reportažynda Ýurow barada onuň ady bilen familiýasyndan başga maglumat berilmeýär. Aslyýetinde, Habarowsk şäher mejlisiniň resmi websaýtynda aýdylmagyna görä, Ýurow şäher mejlisiniň hem-de “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň agzasy ekeni.

Blagoweşçensk

Döwlet eýeçiligindäki Rossia-1 kanalynyň ýurduň uzak gündogarynda efire berilýän regional şahamçasy Blagoweşçenskde Putini goldap gol toplamak boýunça açylan stend barada 9-njy ýanwarda habar taýýarlapdyr.

“Ilkinji bolup mugallymlar, lukmanlar, talyplar we pensionerler öz awtograflaryny galdyrýarlar” diýip, habarda aýdylýar.

Wideo reportažda gepledilýän Alekseý Dolgow atly ýaş ýigit 2014-nji ýylda Orsýetiň Krym ýarym adasyny basyp almagyny goldap çykyş edýär. Krym ýarymadasynyň basyp alynmagy bilen Günbatar orsýetli kompaniýalara, resmilere we ýurduň ykdysady pudagyna garşy sanksiýa girizipdi.

“Bu parahatçylyk ugrunda örän möhüm ädimdi” diýip, Dolgow aýdýar. Ýöne ol Krymyň anneksiýa edilmegine ýol açan ruslaryň penasyndaky seperatistler bilen Kiýewiň güýçleriniň arasyndaky uruş barada, şeýle-de 2014-nji aprel aýynda başlany bäri agzalýan uruşda 10 müň 300 adamyň ölendigi hakynda kelam agyz gürrüň etmeýär.

Wideo reportažda Dolgowyň kimdigi barada maglumat berilmeýär. Ol Orsýetiň Siriýadaky harby operasiýasyna öwüp, “asuda asman üçin” Putine sagbolsun aýtmaly diýýär. Ýöne Nižny Nowgorodly Kalmykow ýaly ol hem ýokary derejeli regional aktiwistdir.

Demirgazyk Kawkaz

Bu aralykda, döwlet eýeçiligindäki Rossia-24 kanaly 5-nji ýanwarda Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regiony bolan Çeçenistandan raport taýýarlapdyr.

Adam hukuklaryny sistematik görnüşde kemsidýän Kremliň penasyndaky awtokrat lider Ramzan Kadyrowyň baştutanlygyndaky bu respublikadan taýýarlanan wideo reportažda Artur Mustaýew atly habarçy “paýtagt Groznydaky söwda we dynç alyş merkezinde gol goýmak üçin gelenleriň ählisi güýçli Orsýeti wezipe başyndaky häzirki baştutansyz göz öňüne-de getirip bolmajakdygyny aýdýarlar” diýip, habar taýýarlapdyr.

Demirgazyk Osetianyň paýtagty Wladikawkazda taýýarlanan beýleki bir wideo gepleşikde özüni Soslan Kaitukow diýip tanyşdyrýan bir adam “Putin 2018” diýen ýazygly stendiň deňinden tötänleýin geçip barýan ýaly interwýu berýär:

“Men bu ýerde ýazylan ýazgyny görenimden soň, yzyma gaýdyp pasportymy getirdim. Näme üçin? Sebäbi ýurtda durnuklylyk we ösüş howasy bar” diýip, Kaitukow 12-nji ýanwarda regional hökümetiň kontrollygyndaky telewizion kanalda eden çykyşynda aýdýar.

Ýöne wideo reportažda Kaitukowyň ýerli syýasata işjeň gatnaşýandygy, özüniň-de, ýerli hökümetiň websaýtynda aýdylmagyna görä, döwlet eýeçiligindäki çagalar sport mekdebiniň müdiridigi agzalmaýar.

Şeýle-de ol milletçi “Rodina” partiýasynda ýerli kanun çykaryjy bolup zähmet çekipdir.

XS
SM
MD
LG