Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan söweşiji topara adamlary hakyna tutmakda aýyplap, iki adamy tussag etdi


Özbegistanyň Ýokary sudy. Illýustrasiýa suraty
Özbegistanyň Ýokary sudy. Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň howpsuzlyk gulluklary daşary ýurtlardaky söweşiji topara adamlary hakyna tutmakda aýyplap, iki adamy tussag etdiler.

Döwlet eýeçiligindäki “Uzbekistan-24” telekanaly özüniň 18-nji ýanwarda beren maglumatynda iki şübheliniň “Facebook” sosial ulgamy arkaly Siriýadaky “Al-Tawhid wal-Jihad” topary bilen habarlaşandygyny aýtdy.

Şeýle-de, maglumatda gürrüňi edilýän adamlaryň söweşiji topardan maliýe goldawyny alandygy hem bellenilýär.

Şübhelileriň şahsyýeti köpçülige mälim edilmedi. Ýöne telekanalyň maglumatynda olaryň özbek raýatydygy we Daşkentiň Olmazor we Ýunusobod etraplarynyň ýaşaýjylarydygy aýdyldy.

Şübhelilere ekstremist topara goşulmak we jemgyýetiň howpsuzlygyna wehim salýan maglumatlary ýaýratmak ýaly aýyplamalar ýöňkelýär.

XS
SM
MD
LG