Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Saud Arabystanynyň Özüş gaznasy TOPH proýektine maýa ýatyrýar


Owganystan, TOPH kartasy
Owganystan, TOPH kartasy

Türkmen metbugaty Saud Arabystanynyň TOPH geçirijisiniň gurluşygyna maýa ýatyrýandygyny habar berýär.

Nebit-gaz pudagyna seredýän wise-premýer Maksat Babaýewiň anna güni geçirilen hökümet mejlisinde beren habaryna görä, bu maýany Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasy berdi.

Babaýewiň sözlerine görä, bu baradaky ylalaşyk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň maý aýynda Saud Arabystany patyşalygyna eden resmi saparynda gazanyldy.

“Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasy tarapyndan berlen maýa goýumlary daşary ýurtly maýadarlaryň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär” diýip, TDH-nyň habarynda nygtalýar. Emma muňa garamazdan, Saud Arabystanynyň TOPH geçirijisiniň gurluşygy üçin ýatyrýan maýasynyň möçberi, şeýle-de bu ylalaşygyň nähili şertlerde gazanylandygy barada maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda TOPH üçin Saud ösüş gaznasynyň maýa goýum serişdelerini ibermerine çuňňur minnetdarlyk hatyny iberdi diýip, TDH ýazýar.

Ekspertleriň pikirine görä, Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana gaz eltmek planlarynyň öňünde iki sany çynlakaý mesele dur – olaryň biri Aşgabadyň häzirki maliýe kynçylyklary wagtynda 10 milliard dollar töwereginde bahalanýan proýekte serişde tapmak kynçylygy, ikinjisi Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin geçen ýylyň aýagynda türkmen kärdeşi bilen telefonda gürleşende, Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň peýda bolmagy bilen, TOPH geçirijisiniň üstünlikli boljagyna şübhe bildirdi.

XS
SM
MD
LG