Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň Maşal radiosynyň edarasyny ýapmagy ýazgarylýar


Pakistan: Media howpsuzlygy konferensiýasyn agatnaşyjylar, YIslamabat, 21-nji noýabr, 2017

Žurnalizim gözegçilik edýän esasy gurama Pakistanyň Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Yslamabatdaky ofisiniň ýapylmagyny ýazgardy we muny Pakistanda “metbugat azatlygyna abanan göni howp” hökmünde häsiýetlendirdi.

Pakistanyň Içeri işler ministrligi 19-njy ýanwarda, Pakistanyň içerki aňtaw agentligi ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän hususy radiony“Pakistanyň bähbitlerine garşy” we “duşmançylykly aňtaw agentliginiň gün tertibi bilen ugurdaş”programmalary efire bermekde aýyplanyndan soň, Maşal radiosynyň, Azatlygyň Pakistan gullugynyň Yslamabatdaky ofisini ýapmagy buýurdy.

"Maşal radiosyny ýapmak buýrugy Pakistanyň häkimiýetleri tarapyndan görlen gören ýowuz çäresi we metbugat azatlygyna gönümel howp bolup durýar” diýip, Žurnalizmi goramak baradaky Azia programmasynyň utgaşdyryjysy Steven Butler aýtdy.

"Maşal radiosy maglumatyň möhüm çeşmesi we onuň öz işini dowam etdirmegine haýal etmän rugsat bermeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Butler “Associated Press” habar gullugyna iberen imelinde munuň Pakistanda žurnalistlere edilýän basyşlaryň ýokarlanmagynyň bir bölegi bolup durýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG