Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson Ýewropa sapar edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson 21-ni ýanwar güni, Ýewropa saparynyň ilkinji gonalgasynda Londona gelýär.

Ol Parižde, Warşawada we Şweýsariýada, Dawosda geçirilýän Bütindünýä Ykdysadyýet forumynda bolar. Anonim şertde gürleşen ABŞ resmisi Tillersonyň ABŞ ýaranlary bilen geçirjek gepleşiklerinde eýran temasynyň agdyklyk etjekdigini aýtdy.

Bu sapar Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygynyň ykbaly barada ýapyk gapylaryň arkasynda edilýän gürrüňleriň arasyna gabat geldi. Tähran bu ylalaşyk esasynda ykdysady sanksiýalaryň gowşadylmagy bilen öz ýadro programmasyny jylawlamaga razy bolupdy.

ABŞ-nyň prezident Donald Tramp şu aýyň başynda özüniň Ýewropa ýaranlary we Kongres bilen işleşip, bu ylalaşygyň, öz sözleri bilen aýdylsa, ‘elhenç kemçiliklerini” düzetmek isleýändigini bildirdi.

XS
SM
MD
LG