Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň portretleri täzelendi: neşirçiler gazandy, mugallymlar zyýan çekdi


Prezidentiň portretleri

Türkmenistanda prezidentiň portretleri adatça her ýyl saýlanyp alnan täze şygar esasynda täzelenýär.

Bu ýyly türkmenistanlylar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňky kitaplarynyň biriniň ady – “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygar astynda geçirýär.

Şygarlaryň täzelenmegi ýurtda alnyp barylýan döwlet propagandasynyň çäginde, aýdaly, durmuşyň täzelenmegi we adamlaryň ýyl-ýyldan gowy ýaşamaklary, döwlet baştutanyň ýurtdaky täzelikler we özgerişlikler bilen aýakdaş gitmegi hökmünde düşündirilýär.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen häzirki we öňki resmileriň birnäçesiniň düşündirmegine görä, bu ýurtda emele gelen durgunlykdan we ýagdaýyň umytsyzlygyndan ünsi sowmak, şonuň bilen bir wagtda hökümetiň adamlaryň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda hakykatdan hem alada edýändigini görkezmek ýa-da şeýle pikir döretmek üçin edilýär.

Emma siňe seretseň, bu sowet döwrüniň propagandasynyň gönüden-göni göçürmesi bolup durýar. Şol döwürde kabul edilen bäşýyllyk, onýyllyk planlar hem ýurduň ösüşini, durmuşyň özgermegini maksat edinýärdi. Bu çäreler hemişe ýurtda gazanylandygy aýdylýan ykdysady we önümçilik üstünlikleri bilenutgaşdyrylýar.

Ýöne bu syýasy-propagandanyň başga bir tarapy hem bar, ol döwlet, hökümet edaralarynyň işgärleriniň kiselerine, maşgala býujetine artykmaç agram salýar.

Prezidentiň portretleri ähli döwlet edaralarynda, şol sanda mekdeplerde hem täzelendi. Aşgabatdaky mekdepleriň mugallymlaryndan täze portret üçin 25 manatdan ýygnadylar. Şondan soň reklama we neşirçilik firmalarynyň işgärleri gelip, köne portretleri alyp gitdiler we ýerine täzesini getirdiler.

Regionlardaky mekdeplerde diňe portretleri satyn aldylar, emma olaryň çarçuwalaryny täzelemediler, sebäbi şonda çykdajy azrak bolýardy. Ýöne şonda-da, portretleriň bahasyny diňe mugallymlar tölemeli boldy.

Köne portretleri mekdeplerde täze portretleri asýan şol bir firmalar ýygnap alýar, emma olary näme edýändikleri belli däl: soň ol portretleri hiç kim görmeýär.

Bilim ministrliginiň bölümleri hemme ýerde bu hili portretleri çap edýän şol bir firmalar bilen işleýär, ýagny olar ýokardan saýlanyp alynýar. Her bir pudaga portretleri täzelemek hakynda görkezme berilýär, soň olar emele gelen däp boýunça hereket edýärler.

Netijede, her bir pudagyň özi şeýle firmalary gözläp tapýar, olar kän, kesgitli ministrlikler bilen işleşýän iri firmalar-da, häkimlikler bilen işleşýänleri-de bar. Dabaraly açylyşlar bilen bagly bezeg işlerini hem şu hili firmalar ýerine ýetirýär.

Regionlarda bu hili iş edýän firmalar az we regionlaryň ýolbaşçylaryna bu meselede kimler bilen işleşmelidigi, kimler bilen işleşmeli däldigi aýdylýar.

Käbir firmalar nagt däl hasaplaşyk esasynda işlese, beýlekileri nagt hasaplaşyk esasynda işlemegi gowy görýär.

Anyk sanlary aýtmak kyn, ýöne prezidentiň portretleri adamlaryň köp barýan ähli ýerinde – döwlet edaralarynyň esasy kabinetlerinde (mekdeplerde, keselhanalarda, sanatoriýalarda, ministrliklerde, häkimliklerde, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda), umuman hemme ýerde, iş ýerinde hem, dynç alyş ýa bejergi alyş ýerlerinde hem prezidentiň portreti 'hökman bolmaly'.

Bu talapdan, elbetde, çaphana we reklama firmalary gowy peýda görýärler, olar öz gazanan pullaryny portretleri buýurýanlar, alyjylar bilen hem bölüşýärler, ýogsa olaryň arasynda töleg we geljekki zakazlar/tabşyryklar babatda mesele döreýär.

Türkmen prezidentiniň portretleriniň bu gezekki täzelenmesi sosial ýeňillikleriň ýatyrylmagynyň yz ýanyna, azyk bahalarynyň ençeme esse gymmatlamagyna we ilatyň ykdysady ýagdaýynyň öňki ýyllardakydan has agyrlaşan wagyna gabat geldi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG