Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Howpsuzlyk resmileri myhmanhana edilen hüjümde azyndan 30 adamyň wepat bolandygyny aýtdylar


“Intercontinental” myhmanhanasy hüjümiň dowamynda, Kabul, 21-nji ýanwar, 2018.

Owganystanyň howpsuzlyk resmileri “Talyban” toparynyň Kabulyň “Intercontinental” myhmanhanasyna eden hüjüminde azyndan 30 adamyň wepat bolandygyny habar berýärler we adam pidasynyň ýene köpeljegini çak edýärler.

Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Wahid Majrohyň 21-nji ýanwarda aýtmagyna görä, 19 adamyň jesedi şäheriň keselhanalaryna eltilipdir.

Resmiler wepat bolanlaryň arasynda 14 daşary ýurt raýatynyň bolandygyny mälim etdiler.

Emma Owganystanyň howpsuzlyk resmileri heläk bolanlaryň sanynyň 30 adamdan geçendigini, olaryň arasynda myhmanhananyň işgärleriniň, myhmanlaryň we hüjümçilere garşy göreşen howpsuzlyk işgärleriniň bolandygyny aýtdylar.

Resmileriň sözlerine görä, alty hüjümçi atylyp öldürilipdir. Käbir maglumatlarda hüjüm edenleriň jemi sanynyň bäş adamdan ybarat bolandygy aýdyldy.

Goşunyň harby geýimine geýnen hüjümçiler 20-nji ýanwarda agşam Kabulyň gymmatbaha myhmanhanasyna hüjüm etdiler. Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Najib Daniş 150 çemesi adamyň, şol sanda 41 daşary ýurtlynyň gabawdaky myhmanhanadan gaçyp çykandygyny, ýa-da halas edilendigini aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG