Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson Londonda Eýran meselesini maslahat eder


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Ýewropa ýurtlaryna edýän bir hepdelik saparynyň başynda 22-nji ýanwarda Londonda Britaniýanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşar. Şeýle-de, Tillerson Pariže, Warşawa barar we Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçiriljek ykdysady foruma gatnaşar.

Resmileriň aýtmagyna görä, Tillersonyň ABŞ-nyň ýaranlary bilen geçirjek gepleşiklerinde Eýran bilen bagly tema esasy orun tutar.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Ýewropa edýän bu sapary Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça halkara ylalaşygynyň geljegi barada edilýän gepleşikleriň geçýän wagtyna gabat geldi.

Şu aýyň başynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özünden öňki prezident Barak Obamanyň goly astynda 2015-nji ýylda gol çekilen Eýranyň ýadro programmasyna degişli ylalaşykdaky “katastrofiki kemçilikleri” düzetmek üçin ýewropaly ýaranlar we Kongress bilen işleşmek isleýändigini aýtdy.

Tramp ylalaşygyň birnäçe aýyň dowamynda özgerdilmedik ýagdaýynda ondan çykmak bilen haýbat atdy.

Tähran ylalaşyga islendik üýtgetme girizilmegini ret etdi, oňa gol çeken beýleki ýurtlar, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý we Orsýet ylalaşygy goldaýarlar.

XS
SM
MD
LG