Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň parlament topary tussag protestçileriň ýanyna goýberiler


Tähranyň Ewin türmesiniň öňündäki protest

Eýranyň mediasy parlament agzalaryna dekabr aýynyň aýagynda başlanan hökümete garşy protestleriň dowamynda tussag edilenleriň ýanyna barmaga rugsat berilendigini habar berýär.

Parlamentiň adalat komitetiniň metbugat wekili Hassan Norouziniň “biziň arzamyz şu gün makullandy” diýendigini ýarym resmi ISNA habar agentligi 21-nji ýanwarda habar berdi.

Media maglumatlaryna görä, komitetiň agzalarynyň uly bolmadyk toparyna 28-nji ýanwarda Tähranyň Ewin türmesine tussaglaryň ýanyna sapar etmegine rugsat berilipdir. Bu 28-nji ýanwarda protestler başlanaly bäri tussaglaryň ýanyna ediljek ilkinji sapardyr.

Eýranyň reformaçy kanun çykaryjysy Mahmoud Sadeghi birnäçe hepdeläp tutuş ýurt boýunça geçirilen protestleriň dowamynda 3700 adamyň tussag edilendigini habar berdi. Ykdysady problemalara we resmileriň arasyndaky korrupsiýa nägilelik bildirip başlanan protestler yzýany güýçlenipdi we ýurduň dini ýolbaşçylaryny agdarmak çagyryşlary öňe sürlüpdi.

7-nji ýanwarda Eýranyň parlamenti kiçi derejeli protestçileriň, hususan-da studentleriň boşadyljakdygyny, emma protestçi liderleriň jezalandyryljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG