Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Edilmedik' hyzmatlar üçin tölegleri tabşyrmak gezegi Lebaba ýetdi


Türkmen daýhanlary
Türkmen daýhanlary

Lebap welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginde, kärendeçiler bilen ýylyň hasaplaşyk işleri geçirilýän mahaly resmileriň olary 2018-nji ýyl üçin heniz edilmedik hyzmatlara artykmaç pul tölemäge mejbur edýändigi öňe sürülýär.

Azatlyk Radiosyna ýüz tutan etrabyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, arçynlygyň resmileri tehniki hyzmat töleglerinden daşaryn "kärende ýerleriniň suw üpjünçüligi üçin" diýip, geljekde ýaplaryň arassalanmagy maksady bilen adam başyna 80 manat nagt pul tölemäge mejbur edýärler. Olar Azatlyk daýhan birleşiginiň resmileriniň şeýle puly tölemeýänleriň hasabyndan "tehniki hyzmatlar çäginde" diýip, 160 manat kesip alýandygyny öňe sürýärler.

Azatlyk daýhan birleşiginiň käbir ýaşaýjylary döwlete berilmeli töleglerden daşaryn zor bilen talap edilýän entek edilmedik hyzmatlar üçin şeýle artykmaç tölegiň agyr ykdysady kynçylygy başdan geçirýän obalylara gaty agyr degýändigini aýdýarlar. Etrabyň Azatlyk daýhan birleşiginiň Daşrabat obasynyň käbir ýaşaýjylary bolsa, kärende ýerleriniň ýokdugyna garamazdan, resmileriň olary hem "suw üpjünçüligi hyzmatlary üçin" diýip, şeýle puly tölemäge mejbur edýändigini aýdýarlar.

"Arçynlygyň resmileri Daşrabat obasynda ýaşaýanlaryň öýlerine ýekän-ýekän aýlanyp, ‘Mellek ýerleriňizi suwarjak bolsaňyz hökman 70 manat nagt tölemeli. Bolmasa mellek ýerleriňize suw berilmez’ diýip gyssaýarlar. Daşrabat obasynyň käbir ýaşaýjylary resmilere suw üpjünçiligi üçin şeýle-de pul tölenýändigini aýdyp, boýun towlasa-da, arçynlygyň işgärleri artykmaç pul aljak bolup, ýaşaýjylara gaty basyş edýärler. Daşrabat obasynyň käbir ýaşaýjylary edilmedik hyzmatlar üçin däl-de, arçynlygyň un gytçylygyny çözen halatynda, mundan beýläk unsuz kösenmez ýaly, artykmaç her halta una 70 manat däl, hatda 100 manat tölemäge hem razydyklaryny bildirýärler. Ýöne arçynlygyň resmileri ýaşaýjylara ‘Olar ýaly un gytçylygyny çekip, açlyk howpy abanýan bolsa, mellekleriňize kartoşka, pomidor ýaly zatlar ekýänçäňiz, bugdaý ekmeli ekeniňiz-dä. Onsoňam başga ýerlerde un tapmaýan halklar mekgejöwen iýip gününi görüp ýörler’ görnüşinde jogap berýärler" diýip, Daşrabat obasynyň käbir ýaşaýjylary başdan geçirýän ýagdaýlaryny gürrüň berýärler.

Sözi jemläp aýtsak, Lebap welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň ýaşaýjylarynyň ýokarda agzalýan ýagdaýlary barasynda, degişli resmilerden nähilidir bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG