Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan 22 milliard dollarlyk hasabynyň doňdurylmagy hakyndaky kararyň ýatyrylandygyny aýdýar


Gazagystanyň hökümetine garşy arbitraž işini gozgan moldowaly işewür Anatolie Stati

Gazagystanyň häkimiýetleri Gollandiýanyň sudunyň Gazagystanyň 22 milliard dollarlyk döwlet maýa goýumlar fondunyň doňdurylmagy hakyndaky karary ýatyrandygyny habar berdiler.

Gazagystanyň Adalat ministrliginiň 24-nji ýanwarda çap eden beýanatynda suduň Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy ykdysadyýetiniň Belgiýadaky käbir hasaplaryny doňdurmak hakyndaky kararyny ýatyrmak ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

New York Mellon banky tarapyndan dolandyrylýan fondyň puly moldowaly biznesmen Anatolie Stati tarapyndan edilen şikaýatyň esasynda doňdurylypdy. Stati Gazagystanyň hökümetine garşy 500 million dollarlyk dawa işini gozgady.

Gazagystanyň nebit-gaz pudagyna maýa ýatyran işewür hukugynyň döwlet tarapyndan gödek bozulandygyny we öz paýyny arzan satmaga mejbur edilendigini aýdýar.

Gazagystan biznesmene tölemekden boýun gaçyrýar we ony arbitraž sudda gozgan işiniň öz peýdasyna çözülmegini gazanmaküçin galp usullary ulanmakda aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG