Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: “Save the Children” guramasyna edilen hüjümde azyndan 2 adam wepat boldy


“Save the Children” atly ýardam beriji halkara guramasynyň regional edarasy hüjüme sezewar boldy, Jalalabat, 24-nji ýanwar, 2018

Owganystanyň resmileri Jalalabatda “Save the Children” atly ýardam beriji halkara fonduna edilen hüjümde azyndan 2 adamyň wepat bolandygyny we 11 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

24-nji ýanwarda janyndan geçen hüjümçi guramanyň regional bölüminiň edara jaýynyň daşynda bombasyny partlatdy diýip, Nangarhar welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Attaullah Hogyani aýtdy. Onuň sözlerine görä, partlamanyň yzýany ýaragly adamlar binanyň içine giripdir, hüjümçileriň we howpsuzlyk güýçleriň arasynda ok atyşyk bolupdyr.

Nangarhar welaýatynyň polisiýasynyň başlygy Abdul Rahman Rahimi edaranyň jaýyny hüjümçilerden azat etmek boýunça çäreleriň dowam edýändigini Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Talybanyň” metbugat-wekili toparyň hüjüme gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy. Munuň öňýanynda “Talyban” toparynyň agzalary Kabulyň kaşaň myhmanhasyna hüjüm etdi. 20-nji ýanwarda bolan hüjümde azyndan 30 adam, şol sanda 14 daşary ýurtly wepat boldy.

Kabulyň Günbatar tarapyndan goldanýan hökümeti "Talybana" we beýleki söweşiji toparlara garşy durmaga synanyşýar.

XS
SM
MD
LG