Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtdaky bitmeýän gurluşyklar; işleriň harsal edilmegi hem korrupsiýa


Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda geçirilýän abatlaýyş işleri. Arhiwden alnan surat
Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda geçirilýän abatlaýyş işleri. Arhiwden alnan surat

Ilatyň hususy jaýlarynyň ýumrulyp, Parahat-7 kiçi etrapçasyna mejbury göçürilip getirilenine 5 ýyl wagt geçdi. Şol ýyllaryň dowamynda Parahat-7/1 kiçi etrapçasynyň üpjünçilik işleri entegem ýola goýlanok. 19-njy hem 20-nji jaýlara gelýän agyz suw we lagym turbalarynyň birnäçe gezek ýarylyp, olaryň gaýta-gaýtadan täzelenýändigini görse bolýar.

Aşgabatagyzsuw edarasynyň işgärleriniň ‘bitirdim’ eden işleriniň näme sebäpden uzaga gitmän, gaýtadan täzelemeli bolýandygyna ýaşaýjylar düşünmeýärler. Emma başga zat düşnükli, turbalar ýarylanda, olary täzelemek üçin gazuw işleri geçirilýär. Gazuw işlerini geçirmek, soňra gazylan çukurlary tekizlemek üçin tehnikalar ulanylýar. “Agyr tehnikalaryň sesinden uzakly gün öýüň içinde dem-dynç almaga rahatlyk ýok” diýip, bu jaýlaryň ýaşaýjylarynyň biri aýdýar.

Şu ýylyň 15-nji ýanwarynda hem şeýle gazuw işleri geçirildi. Emma bary-ýogy bir hepdeden bu işler gaýtalanyp edilip başlandy. Jaýlaryň öňüniň gazylmagy bilen jaýlara girip çykýan ýaşaýjylar hem birahat bolýarlar. Mekdebe gatnaýan çagalar üçin, tehnikalaryň işläp durmagy, çukurlaryň gazylyp, onuň içinde işgärleriň iş geçirip ýöremekleri bir hezillik ýaly görünýär. Okuwa barýan ýa okuwdan gelýän çagalar bu işlere syn edip, sapakdan gijä galýanlar ýa-da öýe girmän, çukurlaryň gyrasynda oýnaýarlar. Bu ýagdaý bolsa çagalar üçin howp döredýär. Ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, bu işleriň geçirilýän wagty jaýlarda suw kesilip, ýaşaýjylar suwsuz kösenýärler.

Ýaşaýjylary haýran galdyrýan esasy mesele bolsa bu gaýtalanyp edilýän işleriň döwlet gaznasyna näçä düşýänligi diýip, etrapçanyň bir ýaşaýjysy Ata aga aýdýar.

Ata aga özleriniň şu jaýlara göçüp geleli bäri turbalaryň birnäçe gezek ýarylyp, jaýlaryň ýerzeminlerine gyzgyn ýa hapa suwlaryň akyp ýatmagyndan kösenýändiklerini, gazyň, suwuň, elektrik togunyň häli-şindi kesilmeginden, liftleriň kadaly işlemeýänliginden kösenýändiklerini-de gürrüň berýär.

“Ilatyň hususy guran jaýlaryny ýumrup, hiç bir rahatlygy bolmadyk beton jaýlara göçürdiler. Indem ilatyň zeruryýetleri kadaly ýagdaýdamy ýa ilat haýsydyr bir meselede kösenýärmi, bu zatlar bilen gyzyklanýan resmi ýok. Arza-şikaýat bilen baraýan ýagdaýyňda hem arzyňy diňlemäge-de, meseläni çözmäge-de howlugyp baranoklar. Her kim başyny çarap bildigiçe ýaşamaly” diýip, Ata aga aýdýar.

Ýaşaýjylaryň pikiriçe, işleriň harsal edilmegi hem korrupsiýanyň bir görnüşi. “Şol bir işi her gezek gaýtalap edenlerinde, onlap işçä aýlyk haky tölenýä, tehnika üçin çykdajylar edilýär. Onuň üstüne material çykdajylary hem goşsaň, döwlete näçe çykdaýjy bolýar. Bu ýerde işleýän işçilerden daşary işlemedik işçä hak tölemek, edilmedik işler edildi diýip, döwlet gaznasyndan çykdajy etmek – bu zatlar indi Türkmenistanda adaty bir zada öwrüldi. Netijede bolsa ilat kösenýär” diýip, ýaşaýjylar özara pikirlerini paýlaşýarlar.

XS
SM
MD
LG