Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan dinçileriň sany boýunça Merkezi Aziýada ikinji ýerde agzalýar


"Ärtogrul Gazy" metjidi, Aşgabat
"Ärtogrul Gazy" metjidi, Aşgabat

Britaniýanyň The Telegraph neşriniň sanawyna laýyklykda, Türkmenistan dinçileriniň sany boýunça Merkezi Aziýada ikinji ýerde durýar.

Neşriň dünýä ýurtlarynyň dinçiligi boýunça reýting barlaglaryna görä, Türkmenistanda ilatyň 80% özlerini dinçi diýip görkezipdir.

Maglumata görä, regionda dinçileriň sany boýunça birinji ýerde Täjigistan barýar, bu ýurtda dinçileriň ilatyň 85%-ni emele getirýändigi aýdylýar. Gyrgyzystanda ilatyň 72%, Gazagystanda 64% we Özbegistanda 51% özleriniň dinçidigini aýdypdyr.

Britan neşri bu sanawyň WIN/Gallup International guramasy tarapyndan 2008-nji, 2009-njy we 2015-nji ýyllarda geçirilen barlaglaryň esasynda düzülendigini aýdýar.

Maglumata görä, dünýä derejesinde Afrika we Ýakyn Gündogar iň dinçi regionlar bolup durýar. Iň dinçi ýurtlaryň bäşligini Efiopiýa, Malawi, Nigeriýa, Şri Lanka we Ýemen emele getirýär.

XS
SM
MD
LG