Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Siriýada serhetaşyr operasiýalary dowam etdirmegi wada berdi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan howpsuzlyk maslahatyny geçirýär, Ankara, 23-nji ýanwar, 2018

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Siriýanyň demirgazygynda Afrin şäheriniň kürtleriň gözegçiligindäki bölegine garşy serhetaşyr operasiýalary güýçlendirmek wadasy Ankaranyň ýaranlarynyň ençemesinde aladalanma döretdi.

Erdoganyň 24-nji ýanwarda eden bu çykyşy onuň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň yzýanyna gabat geldi. Tramp Erdogany “türk we amerikan goşunlarynyň arasynda konfliktiň töwekgelçiligini döredip biljek islendik hereketden saklanmaga” çagyrdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym türk goşunlarynyň gatnaşmagynda siriýaly ýaran gozgalaňçylar tarapyndan amala aşyrylýan operasiýalarda söweş uçarlaryň, top ýaraglaryň, tanklaryň ulanylýandygyny we Siriýanyň içinde 30 kilometrlik howpsuzlyk zonasyny döretmek maksadyny öz öňünde goýandygyny aýtdy.

20-nji ýanwarda başlanan “Zeýtun şahasy” atly bu operasiýa Türkiýäniň serhediniň golaýynda kürtleriň gözegçiligindäki giňişliklere gönükdirilýär.

XS
SM
MD
LG