Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmenhimiýa' döwlet konserniniň başlygyna käýinç berildi


“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenistanyň nebit-gaz sergisindäki stendy, Aşgabat

Türkmenistanyň “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygyna käýinç berildi.

"Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen, wezipe borçlaryny kada laýyk berjaý etmändigi, kesgitlenen tabşyryklaryň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmändigi üçin 'Türkmenhimiýa' döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýewe Nyýazly Meredowiçe käýin berildi” diýlip, prezidentiň metbugat gullugy 24-nji ýanwarda habar berdi.

Nyýazlyýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesine 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda bellenipdi.

Resmi maglumatlarda oňa käýinç berilmegine sebäp bolan kemçilikleriň jikme-jikleri barada habar berilmedi.

XS
SM
MD
LG