Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

New York Times: Tramp Muelleri işden boşatmaga synanyşdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

“New York Times” neşiri Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň ýörite geňeşçi Robert Muelleri işden boşatmak barada iýun aýynda buýruk berendigi, ýöne Ak tamyň geňeşçisiniň wezipeden çekilmek hakyndaky haýbatyndan soň, bu kararyndan yz çekilendigini habar berýär.

Bu barada neşir 25-nji ýanwarda meseläni bilýän, ady köpçülige mälim edilmeýän dört adama salgylanyp ýazdy. Şeýle-de, “New York Times” neşiri bu barada Ak tamdan häzirlikçe kommentariý alyp bolmandygyny hem belledi.

Habarda aýdylmagyna görä, Tramp Muelleri işden çykarmak barada buýruk beripdir, Ak tamyň geňeşçisi Donald McGahn buýrugy berjaý etmän, işden çekiljekdigini aýdypdyr.

ABŞ-nyň aňtaw gulluklary Russiýanyň 2016-njy ýylda Birleşen Ştatlarda geçirilen prezident saýlawlaryna Trampyň bähbidine goşulyşandygy barada netije çykardylar.

Mueller we üç kongress-topary gürrüňi edilýän goşulyşmany we Trampyň kompaniýasy bilen orsýetlileriň arasyndaky potensial gatnaşyklary aýry-aýry derňeýärler.

XS
SM
MD
LG