Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda gyşyň ortasynda ýyladyş ulgamy öçürilýär


Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda turbalary çalyşmak boýunça geçirilýän gazuw işleri. Arhiwden alnan surat
Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda turbalary çalyşmak boýunça geçirilýän gazuw işleri. Arhiwden alnan surat

25-nji ýanwar gijesi Aşgabadyň Parahat-7 kiçi etrapçasynyň köp gatly jaýlarynyň ýyladyş ulgamy öçürildi.

Howanyň gündizlerine 4-6 gradus maýyldygyna garamazdan, ýanwaryň içi bolansoň, gijelerine sowuk düşýär. Ýyladyş ulgamynyň öçürilmegi bilen beton jaýlaryň aşa sowuk bolandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar. Ýyladyş ulgamynyň öçürilmegini ýaşaýjylar etrapçanyň çäginde suw we lagym turbalaryny çalyşmak üçin geçirilýän gazuw işleri bilen baglanyşdyrýarlar. Ýöne ol işlere gündizlikde amal edilip, näme üçin gijesine ýyladyş ulgamynyň öçürilmegi düşnüksiz.

“Içerden daşary ýyly duýulýar, ozal agşam-a daşarda oturyp geçirdik, gijesi bilen bolsa düşekleri gatlap-gatlap üstümize ýapynyp, uklap bilmän ertire çykdyk. Ýaş çagalarymyz üşemesin diýip, şolaryň aladasy bilen bolduk” diýip, etrapçanyň ýaşaýjysy Mähri aýdýar.

"Aslynda harsal gurlan jaýlaryň ilata ýetirýän nogsanlyklary asla aradan aýrylmaýar. Bir zat düzedildi diýseň, ýene bir näsazlyk tapylýar. Şular ýaly harsal gurlan ýaşaýyş jaýlary ulanyşa kabul etmäge nädip ýürek edip bildilerkä? Bir görseň liftler işlemän dur, bir görseň elektrik togy öçüp dur, agyz suwunyň kesilmegi, lagym turbalarynyň dykylyp, daşaryk hapa suwlaryň akyp durmagy adaty bir zada öwrüldi. Tutuş bir etrapçanyň gurluşygynda täze turbalaryň ornuna, ulanyşdan aýrylan köne turbalary geçirmek bilen, ýolbaşçylar öz jogapkärçiligini duýmadymyka? Jaýlaryň ýerzeminlerine sereder ýaly däl, hapaçylykdan, turbalardan syzýan hapa suwlaryň çygyly ysyndan, ilata rahat ýaşamaga şert ýok” diýip, etrapçanyň ýaşaýjysy Mähri aýdýar.

Ýyladyş ulgamynyň öçüriljekdigi ýa-da onuň öçenden soň haçan işläp başlajakdygy barada ýaşaýyş jaý müdirliginden hiç bir bildiriş bolmaýandygyny, diňe otaglaryň içi sowap başlanynda, ýyladyş sistemasynyň işlemeýändigini bilip galýandyklaryny ýaşaýjylar aýdýarlar. Bu ýagdaý aýratyn-da peski gatlarda ýaşaýanlary has hem kösenýändiklerini olardan eşitmek bolýar.

“Bildiriş berlende-berilmäninde-de etjek alajyň ýok, elektrik togy bilen işleýän enjamy bolan adamlar ony işledip başlaýarlar. Elektrik enjamlary ýok adamlar sowuga çydam edip bilmeseler beýleki dogan-garyndaşlarynyňka gitmeli bolýarlar. Elektrik togunyň bahasynyň aşa gymmatlamagy bilen, elektrik peçlerini ulanmak ýaşaýjylara aşa gymmada düşýär. Ýöne ýaş çagaň ýa ýarawsyz garryň bolsa, nähili çykdaýja galsaň-da, elektrik togy bilen işleýän enjamlary ulanmaly bolýarsyň” diýip, Mähri aýdýar.

XS
SM
MD
LG