Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestler üçin tussag edilen gazak aktiwisti ökünmeýändigini aýtdy


Gazak raýat aktiwisti Maks Bokaew (sagda)

Gazagystanda 2016-njy ýyldaky ýer reformalaryna garşy protestlerdäki roly üçin bäş ýyllyk türme tussaglygyny ýerine ýetirýän gazak aktiwisti özüniň ökünmeýändigini we utanmaýandygyny aýtdy.

Maks Bokaew bu barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 26-njy ýanwarda sud diňlenişiginiň arakesmesinde aýtdy. Ol özüniň Atyrau regionyndan 3000 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän Demirgazyk Gazagystan regionyndaky türmä geçirilmegine garşy şikaýat arzasy bilen suda ýüzlenipdi.

Bokaew Azatlyk Radiosyna Demirgazyk Gazagystan regionynyň paýtagty Petropawldan wideo arkaly beren maglumatynda, näme üçin tussag edilendigini öwrenen bendileriň özüne hormat goýýandygyny aýtdy.

“Men eden zadyma hiç haçan ökünmedim. Biziň ýurdumyzda häzirki şertlerde türmä basylmak utanç ýa-da gynandyryjy däl” diýip, Bokaew özüniň türmä basylmagynyň syýasy maksatlydygyny belledi.

XS
SM
MD
LG