Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýeti Birma söweş uçarlaryny satmazlyga çagyrýar


Russiýanyň “Su – 30” uçary

25-nji ýanwarda Birleşen Ştatlar Moswkany, Orsýetde öndürilen söweş uçarlaryny Birma satmak boýunça ylalaşygyny täzeden gözden geçirmäge çagyrdy. Birmada etniki konfliktler sebäpli durnuksyzlyk ýüze çykypdy.

Orsýetiň döwlete degişli media serişdeleriniň habar bermegine görä, şu hepde Orsýetiň Howpsuzlyk ministrligi özleriniň Birma, ýagny Mýanmara alty sany “Su – 30” uçaryny satyp biljekdiklerini mälim etdi.

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “RIA Novosti” habar agentligi Birmanyň Orsýetden guryýer we deňiz goşunlary üçin harby tehnikalary satyn almaga gyzyklanma bildirendigini habar berdi.

Döwlet eýeçiligindäki TASS habar agentligi Orsýetiň goranmak ministriniň orunbasary general-leýtenant Aleksandr Fomini sitirläp, onuň “ýurduň territorial bütewiligini goramakda we terror wehimleri yza serpikdirmekde, Birma esasan bu söweş uçarlaryndan peýdalanar” diýendigini habar berdi.

25-nji ýanwarda geçiren metbugat ýygnagynda Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň metbugat wekili Hezer Nauert: “Bize Orsýetiň “Su-30” harby uçarlary Birmanyň ýaragly güýçlerine satmaga niýetlenýändigi barada ynjalyksyz media maglumatlary gelip gowuşýar” diýdi.

“Peýda bolýan bu habarlar tassyklanan ýagdaýynda, bu bize Orsýetiň, elhençlik bilen göz-görtele adam hukuklaryny kemsidýän goşunlary yzygiderli ýaraglandyrmak pişesini ýene bir gezek ýatladýar” diýip, ol aýtdy.

“Russiýa Federasiýasy Birmadaky krizisi çözmekde konstruktiw dialogy dogry hasaplaýandygyny aýdýan-da bolsa, onuň Birma ösen harby tehnikalary satmak boýunça plany, eger anyk bolsa, munuň beýle däldigini görkezýär.”

“Biz Russiýanyň hem-de Birmanyň hökümetlerine olaryň mundan beýläk ýarag mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edýän işlerini gözden geçirmeklerini we krizisi parahatçylykly hem-de durnukly çözmek ugrunda doly tagalla etmeklerini duýdurýarys” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili aýtdy.

Birma hökümetiniň ýurduň demirgazyk Rekaýn welaýatyndaky musulman rohinjiýa azlyklaryna garşy alyp barýan çärelerini Birleşen Ştatlary “etniki ýykgynçylyk” atlandyrdy.

Rohinjiýa gozgalaňçylarynyň amala aşyran hüjümleriniň yzýany olara garşy girişilen harby tutda-baslygyň netijesinde, geçen ýylyň aýagynda zorluk başlady. Munuň netijesinde 700 müňe golaý bosgun goňşy Bangladeşe gaçyp bardy.

Birmanyň hökümeti özleriniň adaty raýatlara hüjüm edýändikleri barada öňe sürülýän çaklamalary ret edip, alyp barýan çäreleriniň jeňçilere gönükdirilendigini aýdýar.

Birmanyň liderleriniň azlyklara çemeleşigini ABŞ ýiti ýazgardy.

Elýeterli faktlaryň ünsli we düýpli seljerilmeginiň netijesinde, demirgazyk Rekaýn welaýatyndaky rohinjiýa azlyklaryna garşy alnyp barylýan çäreleriň etniki ýykgynçylykdygy doly aýdyňlaşdy diýip, noýabr aýynda döwlet sekretary Reks Tillerson aýtdy.

“Çäreleriň netijesinde baş goşulan aýylganç zulmy hiç bir prowokasiýa aklap bilmez” diýip, ol sözüniň üstüni ýetiripdi.

Birmadaky tutda-baslyga jogap hökmünde ABŞ beýleki döwletleri bu ýurda ýarag satmazlyga çagyrypdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG