Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Federal derňew býurosy Orsýetiň ozalky ministri Lesiniň ölümi boýunça materialy çap etdi


Rus prezident Wladimir Putin (Ç) metbugat ministri Mihail Lesin bilen, 2002 ý.

Federal derňew býurosy Mihail Lesiniň ölüminiň derňewi boýunça onlarça sahypa materialy çap etdi, bu materiallar Orsýetiň ozalky metbugat ministriniň 2015-nji ýyldakyölümi boýunça geçirilen barlaglaryň netijelerinden ybarat.

ABŞ-nyň kanun we hukuk goraýjylar agentligi 26-njy ýanwarda 56 işden ybarat materiallary çap etdi, olaryň içinde Lesiniň jesedinde geçirilen medisina we toksologiýa barlaglarynyň netijeleri, onuň ömrüniň soňky günlerinde ýaşan myhmanhanasynyň wideo ýazgylary hem bar.

Lesiniň ölümi, bedenindäki güýç görmek we ýara yzlary sebäpli, 2016-njy ýylyň oktýabrynda Waşingtondaky amerikan prokuraturasynyň we şäher polisiýasynyň çap eden jemleýji hasabatynda tötänlikde bolan hadysa diýlip jar edildi. Etanol bilen ýiti zäherlenmek hem goşmaça faktor bolupdyr.

Şäher polisiýasy 2017-nji ýylyň dekabrynda Lesiniň Waşingtondaky “Dört möwsüm” myhmanhanasynda, biraz soň “Dupont Circle Hotelde” köp möçberde spirtli içgiişişini görkezýän materiallary çap etdi. Ol 2015-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Ak tamdan birnäçe blok uzaklykda, şol myhmanhanada hem öli tapyldy.

XS
SM
MD
LG