Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan paýtagtynda bolan ulag partlamasynda onlarça adam öldi


Kabul hassahanasy

Kabulyň merkezindäki köp adamly ýeri nyşana alan ulag bombasy partlanda heläk bolanlaryň sany 95-e ýetdi, 158 adam bolsa ýaralandy.

Hökümetiň media merkeziniň sözçüsi Barýalai Hilali hassahana getirilenleriň käsiniň ýagdaýynyň "agyrdygyny" we pidalaryň sanynyň artmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

“Talyban” jeňçi toparynyň sözçüsi Zabihullah Mujahid bu hüjümiň arkasynda öz toparynyň durandygyny habar berdi.

Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, hüjümçiler barlag nokatlaryndan geçmek üçin “Tiz kömek” maşynyny ulanypdyrlar.

Kabul polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Haknawaz Hakýar bu hüjümiň 27-nji ýanwar güni irden Sadarat skwerinde, köp sanly hökümet binalarynyň, daşary ýurt ilçihanalarynyň we dükanlaryň golaýynda bolandygyny aýtdy.

Bu hüjüm “Intercontinental” myhmanhanasyna edilen hüjümiň yz ýanyna gabat geldi, şol hüjümde azyndan 25 adam öldürildi.

27-nji ýanwarda bir janyndan geçen bombaçy Helmand welaýatynda howpsuzlyk güýçlerini nyşana aldy we atylyp öldürilmezinden öň azyndan alty adamy ýaralady.

26-njy ýanwarda bolsa, Gazni welaýatynda atylan raketa alty adamy, şol sanda çagalary öldürdi diýip, owgan resmileri aýtdy.

XS
SM
MD
LG