Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protest üçin türmä basylan gazak aktiwisti hiç ‘utanjynyň’” we ökünjiniň ýokdugyny aýdýar


Gazagystan, raýat aktiwistleri Maks Bokaýew (S) we Talgat Aýan sud otagynda. Atyrau, 28-nji oktýabr, 2016.
Gazagystan, raýat aktiwistleri Maks Bokaýew (S) we Talgat Aýan sud otagynda. Atyrau, 28-nji oktýabr, 2016.

2016-njy ýylda ýer reformalaryna garşy protest gurnandygy üçin 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen gazak aktiwisti özüniň hiç bir ‘utanç’” we ökünç duýmaýandygyny aýdýar.

Maks Bokaýew 26-njy ýanwarda, sud diňlenişiginiň arakesmesinde internet arkaly Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen gürleşdi.

Ol özüniň Demirgazyk Gazagystan regionyndaky türmä, dogduk sebiti bolan Atyrau regionyndan 3 müň km çemesi uzaga geçirilmegine gaşy şikaýat etdi.

Demirgazyk Gazagystanyň paýtagty Petropawl şäherinden wideo baglanyşyk esasynda gürleşen Bokaýew Azatlyk radiosynyň gazak gullugyna beýleki tussaglaryň, näme üçin basylandygyny eşidip, özüne hormat goýýandyklaryny gürrüň berdi.

"Men öz eden işime hiç wagt ökünmedim. Häzirki ýagdaýlarda biziň ýurdumyzda türmä basylmak utançly ýa ökünçli bir zat däl” diýip, Bokaýew aýtdy.

Ol özüniň tussaglygyny syýasy äheňli hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG