Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet baştutany ‘hiç kime halkyň puluny ogurlatman’ diýýär


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kasam kabul edýär, 17-nji fewarl, 2017.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy ýanwarda “Hiç kime halkyň puluny ogurlamaga, onuň hasabyna baýamaga ýol berilmejegini” aýtdy.

Döwlet baştutany bu sözleri Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň başlygynyň nobatdaky hasabatyny diňläninden soň aýtdy.

Şeýle-de ol, zerur bolsa, bu gullugyň ygtyýarlyklarynyň giňeldiljekdigini we onuň işgärleriniň sanynyň artdyryljakdygyny, ýöne döwlet serişdelerini ogurlamak ýaly ýaramaz ýagdaýyň soňuna çykyljakdygyny nygtady.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň direktory Mämmethan Çakyýewiň hasabatyndan görnüşine görä, Türkmenistanda ýokary derejeli resmileriň gatnaşmagyndaky korrupsiýa juda giň ýaýrana çalym edýär.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministri wezipesinde işlän N.Sapardurdyýewiň uly möçberde para alandygy ýüze çykaryldy, onuň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan pul serişdeleri, ähli amatlyklary bolan öýleri, dürli kysymdaky awtoulaglary we altyndan ýasalan şaý-sepleri hem-de öý goşlary gozgalmasyz edildi.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň başlygy wezipesinde 2010-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri işlän A.Derýaýewiň 52 raýatdan para alandygy; Azyk senagaty döwlet birleşigine dahylly Daşoguz ösümlik-ýag kärhanasyndaky taýýar önümler bölüminiň başlygy D.Kazakowyň, şol kärhananyň pagta ýagyny gaplaýan sehiniň başlygy T.Täçmädowyň, Köneürgenç etrap daýhan bazarynyň başlygy M.Söýünowyň, şeýle hem şol bazaryň dolandyryjysy B.Käbäýewiň 1500 tonna arassalanan pagta ýagyny ogurlandyklary aýdylýar.

Olar “Türkmenistanda öndürilen 2 million 304 müň 360 manatlyk 1800 top brezentiň bahasyny ýokarlandyryp, 5 million 60 müň manada daşary ýurtdan satyn alnan hökmünde görkezipdirler, iým ýetmezçiligini döredip, resminamalara galp maglumatlary girizip, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdirler” diýip, Çakyýew aýtdy.

Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky “Arkaçgurluşyk” önümçilik birleşiginde geçirilen barlag-derňew işleriniň netijeleri, jogapkär işgärleriň gurluşyk serişdelerini ogurlandygy, hakykat ýüzünde işlemedik ýa-da gyssagly işler üçin resmileşdirilen 243 raýata zähmet haklarynyň ýazylandygy habar berildi.

Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreş kampaniýasy geçen ýylyň maýynda başlandy we şondan bäri dürli derejeli resmileriň onlarçasyna garşy jenaýat işleri gozgaldy, olaryň konfiskasiýa edilen emläkleri telewideniýede görkezildi.

Türkmenistanda ýokary derejeli resmileriň uly möçberde ogurlyk etmegi we para almagy, wagtal-wagtal olary paş etmek we türmä basmak garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan kada öwrüldi.

Emma ýerli synçylar ýurtda korrupsiýanyň çuňdan kök urandygyny we wagtal-wagtal döwlet malynyň ogurlanmagyna we parahorluga garşy yglan edilýän göreşleriň uly netije bermeýändigini, sebäbi bu göreşiň adamlary ala tutmak esasynda alnyp barylýandygyny, has uly ogrularyň hemişe aman galýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň türkmen döwletine ýakyn çeşmesiniň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanda soňky on ýylda edilýän iň uly ogurlyklar gymmatbaha gurluşyk proýektleriniň üstünden edilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG