Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýylyň  iň gowy etraby kesgitlendi


Maryda adamlar prezidentiň saparyna taýýarlyk görýärler. Ýanwar, 2018.

Türkmenistanyň prezidenti 26-njy ýanwarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky buýruga gol çekdi.

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň beren maglumatlary, bilermenleriň bahalary esasynda ýurduň iň gowy etraby kesgitlendi, ýagny bäsleşikde Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby ýeňiji boldy.

Şýle hem döwlet baştutany 2018-nji ýylda etraplaryň we şäherleriň arasyndsa nobatdaky bäsleşigi yglan etmek hakynda resminama gol çekdi.

XS
SM
MD
LG