Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollar çäklendirmeleri migrantlara, studentlere we olaryň maşgalalaryna nähili täsir ýetirýär?


Dollar nobaty. Arhiw suraty

Soňky günlerde Türkmenistanda dollaryň "gara bazardaky" bahasy ýokarlanyp, rekord derejelere ýetdi we bu ýagdaý Türkiýede işleýän türkmen zähmet migrantlaryny howsala salýar.

Eýsem, dollaryň "gara bazar" nyrhlarynyň bahasynyň aşa ýokarlanmagy türkmen migrantlaryna we olaryň iberýän puly bilen Türkmenistanda güzeran aýlaýan maşgalalaryna nähili täsir ýetirýär?

Migrantlar we olaryň Türkmenistandaky maşgalalary dollaryň bahasynyň aşa ýokarlanmagy sebäpli ýüze çykan ýagdaýlardan nähili çykalgalar gözleýärler ýa-da nähili çözgütlere garaşýarlar?

Şeýle-de, Türkmenistanda dollaryň aşa gymmatlamagy Türkiýede bilim alýan türkmen studentlerine nähili täsir ýetirýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkmenistanda dollaryň gymmatlamagynyň Türkiýedäki türkmen migrantlaryna, studentlerine we olaryň maşgalalaryna ýetirýän täsirine gönükdirýär. Gepleşigiň myhmanlary Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlaryndan Öwez, Nargiz, Rozubaý we türkmen studentlerinden Gözel.

Gepleşigi diňläp, bu temadaky tejribeleriňizi we pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Dollar çäklendirmeleri migrantlara, studentlere we olaryň maşgalalaryna nähili täsir ýetirýär?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG