Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ähli ýurtlary “Talybana” garşy “aýgytly herekete" çagyrýar


Kabul. Meýletinçiler jesetleri toplamaga kömekleşýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Kabulda partladylan ulag bombasy azyndan 95 adamy öldüreninden soň, ähli ýurtlary “Talybana” garşy “aýgytly herekete” çagyrdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

“Men şu gün Kabulda guralan we onlarça bigünä adamy öldüren, ýüzlerçe adamy ýaralan namart hüjümi ýazgarýaryn. Bu ganly hüjüm biziň-de, biziň owgan hyzmatdaşlarymyzyň-da aýgytlylygyny berkidýär” diýip, Tramp 27-nji ýanwardaky beýanatynda aýtdy.

"Indi ähli ýurtlar “Talybana” we olary goldaýan terrorçylyk infrastrukturasyna garşy aýgytly herekete geçmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. “Talybanyň” zalymlygy ýol almaz.”

Owgan resmileri 27-nji ýanwar güni irden Kabulyň merkezindäki mähelleli ýerde bolan ägirt ulu maşyn partlamasynda azyndan 95 adamyň heläk bolandygyny, 191 bir adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, hüjümçiler barlag nokatlaryndan geçmek üçin “Tiz kömek” maşynyny ulanypdyrlar.

Kabul polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Haknawaz Hakýar hüjümiň Sadarat skwerinde, köp sanly hökümet binalarynyň, daşary ýurt ilçihanalarynyň we dükanlaryň golaýynda bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG